"Bawariýa" Ismael Saýbarini düzümine goşýar
Mýunheniň «Bawariýa» topary Marokkonyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ismael Saýbariniň transferi boýunça Eýndhoweniň «PSW» topary bilen ylalaşyga geldi. Bu barada futbol transferleri boýunça žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.
Maglumatlara görä, ähli şertler doly ylalaşyldy we transfer boýunça gutarnykly razylyk gazanyldy. «Bawariýa» 25 ýaşly futbolçy üçin 55 million ýewro tölemäge taýýar. Saýbari lukmançylyk barlagyndan ABŞ-da geçer, şondan soň transfer resmi taýdan yglan ediler.
Soňky iki hepdäniň dowamynda germaniýaly çempion bilen marokkoly futbolçynyň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigi barada habarlar peýda bolupdy. Indi bolsa taraplar ähli şertler boýunça ylalaşyga geldi.
Ismael Saýbari geçen möwsümde «PSW-niň» esasy futbolçylarynyň biri boldy. Ol ähli ýaryşlarda 37 duşuşyk geçirip, 19 gol we 9 asist bilen tapawutlandy. Gollandiýanyň çempionatynda bolsa 27 oýunda 15 gol geçirip, 8 asist berdi.
Saýbari soňky günlerde dünýä çempionatynda hem özüni görkezmegi başardy. Marokkonyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol Braziliýa garşy geçirilen duşuşykda gol geçirip, toparynyň 1:1 hasabyndaky deňligine goşant goşdy.
Bu transfer «PSW-niň» taryhyndaky iň gymmat futbolçy satuwlarynyň biri hökmünde hasaba alnyp bilner. «Bawariýa» bolsa täze möwsümiň öňüsyrasynda ýarymgorag çyzygyny güýçlendirmek üçin uly maýa goýum etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


