DÇ - 2026. Germaniýa uly hasaply ýeňiş gazandy, Şwesiýa toparçasynyň başyna geçdi

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda "E" we "F" toparçalarda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Oýunlarda janköýerlere köp sanly gol, dartgynly göreş we gyzykly netijeler hödürlendi.

"E" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Germaniýanyň milli ýygyndysy Kýurasaony 7:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda Feliks Nmeça 6-njy minutda hasaby açdy. Kýurasaonyň düzüminde Liwano Komenensiýa 21-nji minutda deňleýji goly geçirdi. Şeýle-de bolsa, germaniýalylar üstünligini dowam etdirdiler. Niko Şlotterbek 38-nji minutda, Kaý Hawers bolsa 45+5-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy. Ikinji ýarymda Jamal Musiala 47-nji minutda, Nataniel Braun 68-nji minutda, Deniz Undaw 78-nji minutda we Kaý Hawers 88-nji minutda gol geçirip, toparyna ynamly ýeňiş getirdi. Bu ýeňiş bilen Germaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhynda geçirilen gollaryň sany boýunça täze rekord goýdy. Nemesler final tapgyrlarynda jemi 239 gol geçirip, bu görkeziji boýunça Braziliýany yzda galdyrdy.

"E" toparçanyň beýleki duşuşygynda Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy Ekwadory 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk uzak wagtlap golsuz dowam etdi. Ýöne 90-njy minutda Amad Diallo garşydaşyň derwezesine ýol tapyp, toparyna möhüm üç utuk getirdi. Şeýlelikde, kot-d'iwuarlylar dünýä çempionatlarynda 2014-nji ýyldan bäri ilkinji ýeňşini gazandy.

"F" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Gollandiýanyň milli ýygyndysy bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndysy 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşykdaky ähli gollar ikinji ýarymda geçirildi. Wirjil wan Deýk 50-nji minutda gollandiýalylary öňe çykardy. Keýto Nakamura 57-nji minutda hasaby deňledi. 64-nji minutda Krisensio Sammerwill ýene-de Gollandiýany öňe çykarsa-da, Daýçi Kamada 89-nji minutda deňleýji goly geçirip, ýapon ýygyndysyna bir utuk gazandyrdy.

Günüň soňky duşuşygynda Şwesiýanyň milli ýygyndysy Tunisi 5:1 hasabynda ýeňdi. Ýasin Aýari 7-nji minutda hasaby açdy, Aleksander Isak bolsa 30-njy minutda ikinji goly geçirdi. Tunisiň düzüminde Omar Rekik 45-nji minutda tapawutlanyp, aratapawudy azaltdy. Emma ikinji ýarymda şwesiýalylar hasam işjeň çykyş etdiler. Wiktor Dýokereş 59-njy minutda üçünji goly geçirdi. Soňra Mattias Swanberg 86-njy minutda tapawutlandy. Ýasin Aýari bolsa 90+6-njy minutda özüniň duşuşykdaky ikinji goluny geçirip, hasaby 5:1-e ýetirdi.

1-nji tapgyryň netijelerinden soň "E" toparçada Germaniýa we Kot-d'Iwuar 3 utuk bilen öňdäki orunlary eýeleýär. Ekwador bilen Kýurasao heniz utuk gazanyp bilmedi.

"F" toparçada bolsa Şwesiýa 3 utuk bilen birinji orna çykdy. Gollandiýa bilen Ýaponiýanyň hersiniň 1 utugy bar. Tunis bolsa toparçanyň soňky ornunda ýerleşýär.