Dünýä çempionatynyň dört duşuşygy geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaryň duşuşyklary dowam edýär. 13-nji iýundan 14-nji iýuna geçulýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "B", "C" we "D" toparçalarda dört gyzykly garşylaşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "B" toparçada bolar. Onda Katar bilen Şweýsariýanyň milli ýygyndylary 14-nji iýunda sagat 00:00-da özara güýç synanyşar.
Soňra "C" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Braziliýanyň milli ýygyndysy Marokkonyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun sagat 03:00-da başlanar.
Şol toparçadaky ikinji duşuşykda Gaitiniň milli ýygyndysy bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşygyň başlanjak wagty sagat 06:00.
Günüň soňky oýny bolsa "D" toparçada geçiriler. Onda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Garşylaşyk sagat 09:00-da başlanar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


