Meksika dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda Günorta Afrika Respublikasyny ýeňdi
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Meksikanyň milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Meksika şäherindäki meşhur "Asteka" stadionynda geçirilen açylyş oýny dünýä çempionatyna mynasyp derejede çekeleşikli wakalara baý boldy.
Duşuşyk Meksikanyň hüjümleri bilen başlandy. Oýnuň 9-njy minutynda Alwaro Fidalgonyň garşydaşyň ýarym meýdançasynda topy ele geçirmeginden soň döredilen hüjümde Hulian Kiniones jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgyny ýerine ýetirip, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ilkinji goluny geçirdi.

Bu gol soňky 20 ýylyň dowamynda dünýä çempionatlarynyň açylyş duşuşyklarynda geçirilen iň irki gollaryň biri hökmünde hasaba alyndy. Mundan öň 2006-njy ýylda Germaniýanyň ýygyndysynyň goragçysy Filip Lam dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda 6-njy minutda tapawutlanypdy.
Ikinji ýarymda meýdançada dartgynly ýagdaýlar dowam etdi. 50-nji minutda Günorta Afrika Respublikasynyň ýarymgoragçysy Sfifelo Sithoul göni gyzyl duýduryş alyp, toparyny azlykda galdyrdy. Şeýle-de bolsa, ýer eýeleri san taýdan artykmaçlygyny derrew peýdalanyp bilmedi.
67-nji minutda bolsa Meksikanyň tejribeli hüjümçisi Raul Himenes toparynyň ikinji goluny geçirip, hasaby 2:0-a çykardy. Bu gol duşuşygyň ykbalyny çözdi.
82-nji minutda Günorta Afrika Respublikasynyň ýene bir futbolçysy Temba hem gyzyl duýduryş alyp meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, afrikalylar duşuşygy dokuz futbolçy bilen dowam etdirmäge mejbur boldular.
Goşmaça minutlarda Meksikanyň kapitany Sesar Montes hem gyzyl duýduryş alyp, toparlar on we dokuz futbolçy bilen oýny tamamladylar.
Gyzykly tarapy, bu duşuşykda üç gyzyl duýduryş görkezildi. Bu görkeziji 2022-nji ýylda geçirilen tutuş dünýä çempionatynda görkezilen gyzyl duýduryşlaryň sanyndan bary-ýogy bir sany az boldy. Şeýle hem dünýä çempionatlarynyň açylyş oýnunda soňky 32 ýylyň dowamynda ilkinji gezek futbolçy meýdançadan çykaryldy.
Statistik maglumatlara görä, Günorta Afrika Respublikasy duşuşykda örän az howply pursat döretdi. Toparyň hüjümleriniň netijelilik derejesi diňe 0,08 xG (gol mümkinçiligi) boldy.
Duşuşyk diňe netijesi bilen däl, eýsem birnäçe taryhy wakalar bilen hem ýatda galdy.
Meksikanyň meşhur derwezeçisi Gilýermo Oçoa bu dünýä çempionatynyň sanawyna girizilmegi bilen dünýä futbolynyň taryhyna girdi. Ol milli ýygyndy bilen alty dünýä çempionatyna gatnaşan ilkinji futbolçy boldy.
40 ýaşly derwezeçi mundan öň 2006, 2010, 2014, 2018 we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda hem Meksikanyň düzüminde bolupdy. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça Lionel Messini we Kriştianu Ronalduny yzda galdyrdy. Bu iki ýyldyz häzirki wagtda bäş dünýä çempionatyna gatnaşan futbolçylar hökmünde tanalýar.
Oçoa 2006-njy we 2010-njy ýyllarda ätiýaçdaky derwezeçi hökmünde çykyş eden bolsa, 2014-nji ýyldan başlap toparyň esasy derwezeçisi we kapitanyna öwrüldi. 2026-njy ýylda geçirilýän öz meýdanlaryndaky dünýä çempionatynda bolsa ol tejribeli ätiýaçdaky derwezeçi hökmünde topara kömek berýär.
Bu duşuşykda ýene bir ýaş futbolçy taryha girdi. Meksikanyň düzüminde ikinji ýarymda meýdança çykan Hilberto Mora dünýä çempionatlarynyň taryhynda çykyş eden iň ýaş futbolçylaryň sanawynda altynjy orna çykdy. Ol meýdança çykanda 17 ýaş 240 günlükdi.
Şeýle hem Günorta Afrika Respublikasynyň baş tälimçisi Ugo Broos täze rekord goýdy. 74 ýaş 62 gün ýaşynda dünýä çempionatynyň duşuşygyna topar çykaryp, ol dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň ýaşuly baş tälimçi boldy. Şeýlelikde, ol 2010-njy ýylda Otto Rehageliň goýan rekordyny täzeledi.
Bu ýeňişden soň Meksika "A" toparçada ilkinji üç utugyny gazanyp, ýaryş tertibinde birinji orna çykdy. Toparyň indiki garşydaşy Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy bolar. "A" toparçanyň beýleki duşuşygynda Günorta Koreýa bilen Çehiýanyň milli ýygyndylary özara güýç synanyşarlar. Bu duşuşyk 12-nji iýunda sagat 07:00-da başlanar.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty Meksikanyň ynamly ýeňşi we birnäçe taryhy rekord bilen başlandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


