"Barselona" Reşfordy satyn almakdan ýüz öwürdi

«Barselona» topary iňlis hüjümçisi Markus Reşford bilen bagly soňky kararyny kabul etdi. Kataloniýaly topar kärendesi tamamlanandan soň futbolçyny doly satyn almak mümkinçiliginden peýdalanmaz. Şeýlelikde, Reşford täze möwsümiň öňüsyrasynda «Mançester Ýunaýtede» dolanar.

Taraplaryň arasyndaky şertnama laýyklykda, «Barselona» futbolçyny doly düzümine goşmak üçin 30 million ýewro tölemelidi. Emma topar bu mümkinçiligi ulanmazlyk kararyna geldi.

Bu kararyň esasy sebäpleriniň biri «Barselonanyň» düzümine Entoni Gordonyň goşulmagy boldy. Täze gelen futbolçy meýdançada Reşfordyň çykyş edýän ýerinde oýnaýar. Hünärmenleriň pikiriçe, Gordon baş tälimçi Hansi Fligiň talap edýän oýun stiline has laýyk gelýär. Hususan-da, onuň goranyşdaky işi, garşydaş meýdançadaky pressingi we toparlaýyn hereketleri tälimçileriň ünsüni çekdi.

Karara ýaş faktory hem täsir etdi. Markus Reşford oktýabr aýynda 29 ýaşyny doldurýar. Entoni Gordon bolsa ep-esli ýaş we klub ony geljek üçin has peýdaly maýa goýum hasaplaýar.

Maliýe taýdan hem ýagdaý «Barselona» üçin kän bir amatly bolmady. Reşford aýlygyny takmynan 40 göterim azaltmaga razy bolan hem bolsa, transfer çykdajylary we beýleki maliýe borçnamalary onuň kluba düşjek umumy çykdajysyny ýokary derejede saklaýardy. Netijede, Gordon bilen Reşfordyň klub üçin çykdajylary deň derejede hasaplandy.

Şeýlelikde, Reşfordyň Kataloniýadaky döwrüniň häzirlikçe tamamlanandygy mälim boldy. Şeýle-de bolsa, bu wakanyň soňky nokady goýlandygy heniz belli däl.

Žurnalist Fabrizio Romano «Barselonanyň» Reşford bilen bagly gapylary doly ýapmandygyny habar berdi. Eger «Mançester Ýunaýted» futbolçyny ýene bir möwsüm kärendesine goýbermäge taýýar bolsa, kataloniýaly topar gepleşiklere täzeden dolanyp biler.

Ýöne bu mümkinçiligi kynlaşdyrýan birnäçe ýagdaý bar. Ilki bilen, Reşfordyň aýlygy örän ýokary. «Mançester Ýunaýtediň» Çempionlar ligasyna çykmagy bilen futbolçynyň hepdelik gazanjy 300 müň funt sterlingden hem geçýär. Şeýle şertlerde başga bir topara geçmek üçin onuň ýene-de aýlygyny peseltmegi gerek bolup biler.

Soňky möwsümde Reşford ähli ýaryşlarda 14 gol geçirip, 11 asist berdi. Şeýle netijä garamazdan, «Barselona» futbolçynyň transferi üçin 30 million ýewro tölemegi ýerlikli hasaplamady.

Indi iňlis hüjümçisiniň geljegi barada dürli çaklamalar dowam edýär. Ozal «Bawariýanyň» Reşford üçin 30 million ýewro tölemäge taýýardygy barada maglumatlar çykypdy. Şol sebäpli, onuň indiki duralgasynyň Mýunhen bolmagy hem mümkin.

Häzirlikçe belli zat bir – Markus Reşford täze möwsümiň öňüsyrasynda «Mançester Ýunaýtediň» düzümine dolanýar, emma onuň uzak wagtlap şol ýerde galjakdygy heniz anyk däl.