Patrik Kluýwertiň ogly "Barselonanyň" esasy toparyna goşuldy
«Barselona» toparynyň akademiýasynda terbiýelenen 18 ýaşly hüjümçi Şeýn Kluýwert täze möwsüme taýýarlyk döwründe esasy topar bilen türgenleşer. Gollandiýaly ýaş futbolçy ilkinji toparyň düzümine çagyrylyp, möwsümiň öňüsyrasy taýýarlyk işlerine gatnaşar.
Habarlara görä, Şeýn Kluýwert "Barselonanyň" Angliýada geçirjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem gatnaşar. Bu bolsa ýaş futbolçy üçin esasy toparyň düzüminde özüni görkezmäge möhüm mümkinçilik bolar.
Şeýn Kluýwert "Barselonanyň" akademiýasynyň iň geljegi uly futbolçylarynyň biri hasaplanylýar. Ol şu ýylyň aprel aýynda katalon topary bilen täze şertnama baglaşyp, ylalaşygy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaldy.
Geçen möwsümde "Barselonanyň" ýaşlar toparynda çykyş eden hüjümçi 22 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunlarda 2 gol geçirip, 2 asist berdi. Şeýle hem Şeýn Gollandiýanyň 19 ýaşa çenli milli ýygyndysynyň agzasy bolup durýar.
Ýaş futbolçy 13-nji iýulda lukmançylyk gözegçiliginden geçer. Şondan soň bolsa ol täze möwsüme taýýarlyk işlerini esasy toparyň düzüminde dowam etdirer.
Şeýniň ady futbol janköýerlerine gowy tanyş familiýa bilen bagly. Onuň kakasy Patrik Kluýwert öz döwründe dünýäniň iň güýçli hüjümçileriniň biri hasaplanýardy. Gollandiýaly futbolçy 1998–2004-nji ýyllar aralygynda «Barselona» toparynyň düzüminde 257 duşuşyk geçirip, 122 gol we 22 asist bilen tapawutlandy. Şeýle hem ol katalon topary bilen Ispaniýanyň çempiony boldy.
Patrik Kluýwert futbolçy hökmünde «Aýaks» bilen iki gezek Gollandiýanyň çempionlygyny gazandy we UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny ýokary galdyrdy. Ol Gollandiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem üstünlikli çykyş edip, Ýewropa çempionatlarynda iň köp gol geçiren gollandiýaly futbolçy hökmünde tanalýar.
Futbolçylyk karýerasyny tamamlandan soň Patrik Kluýwert tälimçilik işine başlady. Ol dürli toparlarda we milli ýygyndylarda işledi, şol sanda «AZ», «NEK», «Aýaks», «Twente», Kýurasao milli ýygyndysy, «Adana Demirspor» hem-de Kamerunyň milli ýygyndysynda wezipeleri ýerine ýetirdi. Şeýle hem bir döwür «PSŽ-niň» sport direktory we «Barselonanyň» akademiýa ulgamynda ýolbaşçy bolup işledi.
Indi bolsa Kluýwertler maşgalasynyň nobatdaky wekili «Barselonanyň» esasy toparynda özüni görkezmäge mümkinçilik alýar. Şeýn Kluýwert täze möwsümiň taýýarlyk döwründe tälimçiler ştabynyň ynamyny gazanyp bilse, kakasynyň yzyny dowam etdirip, katalon toparynyň esasy düzüminde çykyş edýän futbolçylaryň birine öwrülip biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


