Gollandiýanyň milli ýygyndysy Ýurrien Timberden mahrum boldy

2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Gollandiýanyň milli ýygyndysy ýaramaz habar aldy. «Arsenal» toparynyň goragçysy Ýurrien Timber şikesi sebäpli dünýä çempionatynda çykyş edip bilmez.

Gollandiýanyň Futbol federasiýasynyň resmi beýanatyna görä, futbolçy bilen lukmançylyk işgärleriniň geçiren maslahatyndan soň, onuň saglygyny töwekgelçilige goýmazlyk kararyna gelindi. 24 ýaşly goragçy henizem bejergi alýar we ýaryşa çenli doly dikeldilip bilinmez.

Timberiň saglyk meselesi şu ýylyň mart aýynda Angliýanyň Premýer-ligasynda «Arsenal» bilen «Ewertonyň» arasyndaky duşuşykdan soň ýüze çykypdy. Şondan bäri ol dikeldiş tapgyryny geçse-de, dünýä çempionatyna çenli doly ýagdaýyna gelip bilmedi.

Şol sebäpli Gollandiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ronald Kuman düzümde üýtgeşme geçirdi. Timberiň ýerine ýygynda gyssagly ýagdaýda Lýutşarel Gertreýda çagyryldy. Ol häzirki wagtda «RB Leýpsig» toparyna degişli bolup, 2025/26 möwsüminde kärendesine «Sanderlend» toparynda çykyş etdi.

Timber Gollandiýanyň milli ýygyndysynyň düşelgesini Özbegistanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyndan soň terk etdi.

2025/26 möwsüminde Ýurrien Timber «Arsenalyň» esasy oýunçylarynyň biri boldy. Ol ähli ýaryşlarda 44 duşuşykda meýdança çykyp, 4 gol geçirdi we 7 asist berdi. Şeýle hem londonly topar bilen Angliýanyň çempiony bolmagy başardy.

Gollandiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda "F" toparynda çykyş eder. Ronald Kumanyň şägirtleri toparçada Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň we Tunisiň milli ýygyndylary bilen duşuşarlar.

Gollandiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny 15-nji iýunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer. Timberiň şikes sebäpli ýaryşy sypdyrmagy bolsa toparyň gorag hatary üçin uly ýitgi hasaplanýar.