"Realyň" prezidentlik saýlawlarynda Florentino Peres ýeňiş gazandy
Madridiň «Real» toparynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda häzirki ýolbaşçy Florentino Peres nobatdaky gezek ýeňiş gazanyp, toparyň prezidenti wezipesinde galmagy başardy. Şeýlelikde, ol 2030-njy ýyla çenli «Realyň» başynda işlär.
Saýlawlarda Peresiň ýeke-täk garşydaşy ispaniýaly telekeçi Enrike Rikelme boldy. Resmi maglumatlara görä, Florentino Perese 21.741 adam ses berdi we ol sesleriň 65 göterimini gazandy. Rikelmä bolsa 11.814 saýlawçy ynam bildirdi, bu bolsa umumy sesleriň 35 göterimine deň boldy.
Saýlawlaryň netijesinde Peres ähli 60 saýlaw nokadynda garşydaşyndan köp ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Ýeňişden soň ol öz begenjini gizlemän, bu günüň özi we madridliler üçin bagtly gün bolandygyny aýtdy.
79 ýaşly Florentino Peres ilkinji gezek 2000-nji ýylda «Realyň» prezidenti bolupdy. Ol 2006-njy ýyla çenli bu wezipesini ýerine ýetirdi. 2009-njy ýylda bolsa täzeden saýlanyp, şondan bäri toparyň üýtgewsiz ýolbaşçysy bolup gelýär.
Peresiň döwründe «Real» dünýä futbolynyň iň üstünlikli toparlarynyň birine öwrüldi. Topar onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň çempionatynda 7 gezek çempion boldy. Şeýle-de «Real» 3 gezek Ispaniýanyň Kubogyny, 7 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Ýewropa arenasynda bolsa madridliler 7 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 6 gezek UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy. Mundan başga-da, topar 5 gezek Klublaýyn dünýä çempionatyny hem-de 2 gezek Kontinentara Kubogy gazandy.
Peres saýlawlaryň öňüsyrasynda janköýerlere birnäçe möhüm wada beripdi. Şolaryň iň esasysy portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýony täzeden baş tälimçi wezipesine getirmek boldy. Saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň bu meýilnamanyň amala aşjakdygy tassyklandy.

Žoze Mourinýo hem Peresiň ýeňşinden soň çykyş edip, Madrida dolanjagyny açyk aýtdy. Portugaliýaly hünärmen: "Hawa, elbetde, men «Realyň» baş tälimçisi bolaryn" – diýip mälim etdi.
Mourinýo mundan öň 2010–2013-nji ýyllar aralygynda «Realy» türgenleşdiripdi. Onuň ilkinji döwründe topar Ispaniýanyň çempionatynda çempion bolup, Ýewropanyň iň güýçli toparlarynyň biri hökmünde täzeden tanalypdy. Peres häzirki wagtda hem Mourinýonyň topara ýeňijilik ruhuny gaýtaryp getirjekdigine ynanýar.
Mundan başga-da, «Realyň» öňki goragçysy Pepe hem topara dolanyp biler. Maglumatlara görä, 43 ýaşly portugaliýaly futbolçy Mourinýonyň tälimçiler düzüminde kömekçi bolup işlär. Pepe 2007–2017-nji ýyllar aralygynda «Realyň» düzüminde çykyş edip, topar bilen köp sanly kuboklary gazanypdy.

Soňky möwsümde «Real» Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi we Çempionlar ligasynda çärýek finalda ýaryşdan çykdy. Şol sebäpli täze ýolbaşçylyk döwründe toparda uly özgertmeleriň bolmagyna garaşylýar.
Florentino Peresiň nobatdaky ýeňşi bilen Madridiň «Realynda» täze döwür başlanýar. Bu döwürde toparyň başyna Žoze Mourinýonyň gelmegi we düzümde birnäçe uly üýtgeşmeleriň amala aşyrylmagy garaşylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


