Lennart Karl dünýä çempionatyny goýberer
Germaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýaramaz habary aldy. Mýunheniň «Bawariýa» toparynda çykyş edýän 18 ýaşly ýarymgoragçy Lennart Karl türgenleşik wagtynda agyr şikes aldy we dünýä çempionatynda çykyş edip bilmez.
Žurnalist Florian Plettenbergiň habar bermegine görä, ýaş futbolçy ABŞ-nyň milli ýygyndysyna garşy ýoldaşlyk duşuşygynyň öňüsyrasyndaky türgenleşikde şikes aldy. Soňra geçirilen barlaglarda onuň myşsa dokumasynyň ýyrtylandygy anyklandy.
Şikesiň agyrlygy sebäpli Lennart Karl Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düşelgesini terk edip, Mýunhene gaýdyp bardy. Germaniýanyň Futbol birleşiginiň prezidenti Bernd Noýendorf hem bu habary tassyklady.
"Biz onuň bilen tutuş toparyň öňünde hoşlaşdyk. Ýulian Nagelsmann birnäçe söz aýtdy, Lennart hem çykyş etdi. Emma onuň üçin bu örän kyn boldy. Ol gaty gynandy. Hatda gözýaşlar hem boldy" – diýip, Noýendorf aýtdy.
Lennart Karl geçen möwsümiň esasy açyşlarynyň biri hasaplanýar. Ol 2025/26 möwsüminde «Bawariýanyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 40 duşuşyk geçirip, 9 gol geçirdi we 8 asist berdi. Şeýle-de ol Germaniýanyň milli ýygyndysynda üç duşuşykda meýdança çykyp, futbol boýunça dünýä çempionaty üçin düzülen gutarnykly sanawa hem goşuldy.
Nemes metbugatynyň maglumatyna görä, Karlyň ýerine «RB Leýpsig» toparynyň 20 ýaşly ýarymgoragçysy Assan Uedraogo milli ýygynda çagyrylar. Uedraogo şu wagta çenli Germaniýanyň milli ýygyndysynda bir duşuşyk geçiripdir. Ol geçen ýylyň noýabr aýynda Slowakiýa garşy oýunda ätiýaçdan meýdança çykyp, gol geçirmegi başarypdy.

FIFA-nyň düzgünlerine laýyklykda, eger toparyň ilkinji duşuşygyna 24 sagatdan köp wagt galan bolsa we şikes resmi lukmançylyk barlagy bilen tassyklansa, futbolçy dünýä çempionaty üçin düzülen sanawda çalşyrylyp bilner.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


