"Tottenhem" Endrýu Robertsony düzümine goşdy

Londonyň «Tottenhem» topary tomusky transfer möwsümindäki ilkinji transferini resmi taýdan yglan etdi. "Şporlar" «Liwerpuldan» aýrylan tejribeli şotland goragçysy Endrýu Robertsony erkin agent hökmünde düzümine goşdy. Taraplar iki ýyllyk şertnama baglaşyp, şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

32 ýaşly futbolçy 1-nji iýuldan başlap resmi ýagdaýda «Tottenhemiň» oýunçysy bolar. Topar tarapyndan ýaýradylan beýanatda Robertsonyň baý tejribesi, liderlik ukyby we ýokary derejedäki üstünlikleri aýratyn bellenilip geçildi. Klub onuň täze möwsümde toparyň öňünde goýlan uly maksatlaryna ýetmegine kömek etjekdigine ynanýar.

Robertson 2017-nji ýylda «Hall Sitiden» – «Liwerpula» geçipdi. Şondan soň ol "mersisaýdly" toparyň esasy futbolçylarynyň birine öwrüldi. Çep ganatda çykyş edýän goragçy dokuz möwsümiň dowamynda «Liwerpulyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 300-e golaý duşuşyk geçirdi.

Şol ýyllaryň dowamynda şotland futbolçy «Liwerpul» bilen bilelikde köp sanly kubok gazandy. Ol Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, iki gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionlygyny gazandy, şeýle hem Angliýanyň Kubogyny, iki gezek Liganyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.

Robertsonyň «Liwerpul» bilen şertnamasy tamamlanandan soň, taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmezlik kararyna geldiler. Şeýlelikde tejribeli goragçy täze çagyryşy kabul edip, karýerasyny «Tottenhemde» dowam etdirmäge razy boldy.

Bu transfer «Tottenhemiň» täze baş tälimçisi Roberto de Dzerbiniň döwründäki ilkinji transfer hökmünde hem taryha girdi. Italiýaly hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar täze möwsümde has güýçli netije gazanmagy maksat edinýär.

Transfer resmi taýdan tassyklanandan soň Robertson klubyň janköýerlerine ýüzlenip, ilkinji pikirlerini paýlaşdy.

"Salam, «Tottenhemiň» janköýerleri. Men Endrýu Robertson. Häzir Amerikada bolup, futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärin. Size gysgaça ýüzlenip, toparyňyza goşulýandygyma örän begenýändigimi aýtmak isledim" – diýip, futbolçy aýtdy.

Ol täze toparyndaky ilkinji günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem belledi.

"Siz bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Stadionda ilkinji oýnumyzy janköýerlerimiziň öňünde geçirmek hem meniň üçin aýratyn pursat bolar. Täze möwsüme başlamak üçin örän tolgunýaryn. Ýakyn wagtda görüşeris»" – diýip, Robertson aýtdy.