"Realyň" prezidenti rekord transferi wada berdi
Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peres toparyň taryhyndaky iň uly transferleriň birine taýýarlyk görülýändigini mälim etdi. Ispan funksioneri ýakyn wagtda bahasy 150 million ýewrodan hem ýokary boljak ýyldyz futbolçyny düzümine goşmak isleýändigini aýtdy.
Peresiň sözlerine görä, gürrüň Premýer-ligada çykyş edýän futbolçy barada gitmeýär. Şeýle-de ol bu oýunçynyň ne nemes toparlarynyň, ne-de iňlis çempionatynyň wekili däldigini belläp, onuň ýaş superýyldyzdygyny aýtdy.
"Ol Olise däl, Holand hem däl. Bu futbolçy ýarymgoragçy ýa-da hüjüme ýakyn ýerde çykyş edýär. Janköýerler onuň kimdigine ynanmazlar. Bu transfer maliýe taýdan Kriştianu Ronaldunyň transferi bilen deňeşdirilip bilner" – diýip, Peres mälim etdi.
Bu sözlerden soň futbol jemgyýetinde dürli çaklamalar peýda boldy. Janköýerleriň köpüsi Peresiň nyşanasynyň «PSŽ-niň» ýyldyzlaryndan biridigini öňe sürýär. Hususan-da, portugaliýaly ýarymgoragçylary Witinýa bilen Žoau Neweşiň, şeýle hem ýaş hüjümçi Dezire Dueniň atlary köp agzalýar.
Žurnalist Fabrizio Romano hem Peresiň esasy gyzyklanma bildirýän futbolçylarynyň arasynda Witinýanyň we Žoau Neweşiň bardygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, «Real» ýakyn hepdelerde transfer bazarynda uly seslenme döredip biljek birnäçe ädimleri meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde Peres toparyň häzirki ýyldyzlarynyň geljegine hem aýdyňlyk girizdi. Ol Kilian Mbappe, Winisius Žunior we Jud Bellingem barada aýdyp, olaryň hemmesiniň «Realda» galjakdygyny nygtady.
"Bular dünýäniň islendik uly toparynyň düzüminde görmek islejek futbolçylarydyr. Biz olaryň biziň toparymyzda çykyş edýändigine begenýäris. Elbetde, olar «Realda» galarlar" – diýip, klubyň prezidenti aýtdy.
Geçen möwsümde Winisius ähli ýaryşlarda 53 duşuşykda 22 gol geçirip, 12 asist berdi. Mbappe 44 oýunda 42 gezek tapawutlanyp, ýedi asist etdi. Bellingem bolsa 40 duşuşykda sekiz gol we bäş asist bilen möwsümi tamamlady.
Şol bir wagtda «Realyň» düzüminde uly özgerişlikleriň bolup biljekdigi hem aýdylýar. Habarlara görä, toparyň täze baş tälimçisi bolmagyna garaşylýan Žoze Mourinýo birnäçe futbolçynyň geljekki meýilnamalarynda ýokdugyny ýolbaşçylara habar beripdir. Şeýle oýunçylaryň arasynda Eduardo Kamawinga, Rodrigo, Franko Mastantuono, Fran Garsiýa, Raul Asensio we Dani Sebalýos ýaly atlar görkezilýär.
Peres Mourinýonyň gaýdyp gelmegini hem goldaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, portugaliýaly hünärmen ilkinji döwründe «Realy» ýene-de bäsdeşlige ukyply topara öwrüp, soňraky üstünlikleriň binýadyny goýupdy.
"Biz onuň topara ýeňiş mentalitetini täzeden getirmegini isleýäris" – diýip, Peres belledi.
Madridiň klubynda prezident saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. 79 ýaşly Florentino Peresiň esasy garşydaşy ispaniýaly telekeçi Enrike Rikelme bolar.
Peres häzirki wagtda «Realyň» bahasynyň 10 milliard ýewro töwereginde bolandygyny aýdýar. Onuň ýolbaşçylygy döwründe "şa topar" Ispaniýanyň çempionatynda ýedi gezek ýeňiji boldy, ýedi gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy hem-de dünýä futbolynyň iň üstünlikli toparlarynyň birine öwrüldi.
Indi bolsa Madridiň janköýerleri 150 million ýewrodan gymmat bahalanýan syrly superýyldyzyň kimdigini sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Witinýa, Žoau Neweş, Dezire Due, Jamal Musiala, Hulian Alwarez ýa-da başga biri bolarmy – munuň jogaby ýakyn hepdelerde belli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


