Iň köp gazanan futbolçylar: Ronaldu öňdeligi saklaýar

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna bary-ýogy bir hepde wagt galdy. Dünýäniň iň güýçli ýygyndylary çempionlyk ugrunda göreşjek bolsa, käbir ýyldyz futbolçylar eýýäm maliýe taýdan hem beýlekilerden öňe çykmagy başardylar.

"Forbes" neşiriniň maglumatlaryna görä, geçen möwsümiň iň köp girdeji gazanan futbolçylarynyň sanawynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu birinji orny eýeleýär.

«Al-Nasr» toparynda çykyş edýän Ronaldu geçen möwsümde jemi 295 million dollar gazandy. Şonuň 230 million dollary futbol meýdançasyndaky girdejilerden, 65 million dollary bolsa mahabat we işewürlik taslamalaryndan geldi.

41 ýaşly futbolçy diňe futbol bilen çäklenmän, soňky aýlarda birnäçe uly maýa goýumlaryny amala aşyrdy. Ol Braziliýanyň "LiveModeTV" platformasyndaky paýy satyn aldy, Ispaniýanyň ikinji ligasynda çykyş edýän «Almeriýa» toparyna maýa goýdy hem-de "Herbalife" kompaniýasynyň bölümleriniň birine hyzmatdaş boldy.

Sanawyň ikinji ornunda argentinaly ýyldyz Lionel Messi ýerleşýär. «Inter Maýami» toparynyň futbolçysy geçen möwsümde 140 million dollar gazandy. Bu girdejiniň 70 milliony futbol meýdançasyndan, galan 70 milliony bolsa täjirçilik şertnamalaryndan geldi.

Messi hem futbol biznesine işjeň girýär. Maý aýynda ol Ispaniýanyň bäşinji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» toparyny satyn aldy. Şeýle-de onuň maşgalasy Argentinadaky «Leones de Rosario» toparyny dolandyrýar.

Üçünji orny Madridiň «Realynda» çykyş edýän fransuz hüjümçi Kilian Mbappe eýeleýär. Mbappe geçen möwsümde 100 million dollar gazandy. Şonuň 70 milliony futbol şertnamasyndan, 30 milliony bolsa mahabat hyzmatdaşlyklaryndan geldi.

Fransuz ýyldyzy "Oakley", "Hublot" we "Fairmont Hotels" ýaly dünýä belli markalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Dördünji ýerde «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand ýerleşdi. Holand geçen möwsümde jemi 80 million dollar gazandy. Onuň 60 million dollary futbol meýdançasyndaky girdejilerden, 20 million dollary bolsa meýdançadan daşardaky işlerinden we mahabat şertnamalaryndan geldi.

Norwegiýaly ýyldyz soňky ýyllarda küşt pudagyna uly gyzyklanma bildirýär. Ol "Chess Mates" atly kompaniýany döretdi. Bu kompaniýa "Total Chess World Championship Tour" ýaryşlar tapgyryny dolandyrýan guramadaky paýyň bir bölegine eýelik edýär. Şeýle hem Holandyň daýhançylyk bilen meşgullanmagy halaýandygy bellenilýär.

Sanawyň ilkinji bäşligini Madridiň «Real» toparynyň braziliýaly futbolçysy Winisius Žunior jemledi. Winisius Žunior geçen möwsümde jemi 60 million dollar gazandy. Şol serişdeleriň 40 million dollary futbol meýdançasyndaky çykyşlaryndan, 20 million dollary bolsa mahabat hyzmatdaşlyklaryndan we beýleki täjirçilik girdejilerinden geldi.

Winisiusyň esasy hyzmatdaşlarynyň arasynda "Nike", "Pepsi", "Unilever" we "Visa" ýaly dünýä belli kompaniýalar bar. Bu şertnamalar braziliýaly futbolçynyň dünýäniň iň baý futbolçylarynyň sanawynda ýer almagyna kömek edýär.

Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda bu futbolçylar diňe meýdançadaky üstünlikleri bilen däl, eýsem maliýe görkezijileri bilen hem dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlarydygyny tassyklaýarlar.