Premýer-liganyň täze myhmanlary belli boldy

Angliýanyň Çempionşip ýaryşy tamamlandy we indiki möwsümde Premýer-ligada çykyş etjek üç topar belli boldy. «Kowentri», «Ipswiç» we «Hall Siti» üstünlikli möwsüm geçirip, dünýäniň iň güýçli ligalarynyň birine dolanmagy başardylar.

Angliýanyň futbol taryhynda möhüm orun eýeleýän «Kowentri» topary 25 ýyldan soň ýene-de Premýer-liga gaýdyp geldi. Toparyň bu üstünliginde baş tälimçi Frenk Lempardyň hyzmaty aýratyn uly boldy. Möwsümiň dowamynda ol diňe bir topary ýokary liga çykarmak bilen çäklenmän, Angliýada ýylyň iň gowy tälimçisi diýen ada hem mynasyp boldy.

«Kowentri» Çempionşipde iň täsirli çykyş eden toparlaryň biri boldy. Topar möwsümde 97 gol geçirip, ýaryşyň iň köp gol geçiren topary hökmünde tapawutlandy. Şeýle hem bary-ýogy 45 gol geçirtdi. Netijede, topar iň ýakyn bäsdeşinden 11 utuk öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi.

Bu üstünlik has-da täsirli görünýär, sebäbi dokuz ýyl ozal «Kowentri» Angliýanyň dördünji derejesindäki ýaryşynda çykyş edýärdi. Indi bolsa topar ýene-de ýurduň iň güýçli ligasynda oýnar.

Toparyň taryhynda häzirki wagtda dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlarynyň birine öwrülen Wiktor Dýokereşiň hem yzy bar. Şwesiýaly hüjümçi 2021-2023-nji ýyllar aralygynda «Kowentriniň» düzüminde çykyş edipdi.

Premýer-liga çykan ikinji topar «Ipswiç» boldy. Topar bary-ýogy bir möwsümde Çempionşibi tabyn edip, elitada çykyş etmäge hukuk gazandy.

«Ipswiçiň» başynda ýene-de Kiran Makkenna durýar. Onuň ýolbaşçylygynda topar yzygiderli ösüş görkezdi. Gyzykly tarapy, 147 ýyllyk taryhy bolan bu toparyň başyndan şu wagta çenli diňe 19 tälimçi geçdi. Bu bolsa Angliýanyň futbolynda seýrek duş gelýän ýagdaýdyr.

«Ipswiç» häzirki wagtda meşhur aýdymçy Ed Şiranyň hem iň gowy görýän toparlarynyň biri hökmünde tanalýar. Şonuň üçin käbir janköýerler ony Angliýanyň iň "sazly" topary diýip atlandyrýarlar.

Toparyň düzüminde hem gyzykly ýagdaýlar bar. Birnäçe futbolçynyň familiýasy dünýä belli sportçylar we beýleki meşhurlar bilen gabat gelýär. Olaryň arasynda Aleks Palmer, Somto Bonifeýs, Marselino Nunýes we Konor Çaplin ýaly oýunçylar bar.

Premýer-liga çykmagy başaran üçünji topar bolsa «Hall Siti» boldy. "Gaplaňlar" lakamy bilen tanalýan topar 2016/17 möwsüminde ýokary ligadan düşenden soň ilkinji gezek elitada çykyş eder.

Möwsümiň dowamynda «Hall Siti» iň gyzykly toparlaryň biri boldy. Statistik maglumatlar boýunça toparyň oýny ýokary orunlara laýyk görünmeýärdi. "Opta"-nyň hasaplamalaryna görä, garaşylýan utuklar boýunça topar aşaky orunlarda bolmalydy. Emma «Hall Siti» 73 utuk toplap, pleý-offa çykmagy başardy.

Bu görkeziji bilen garaşylýan netijäniň arasynda 20 utuklyk tapawut emele geldi. Şol sebäpli köp hünärmenler topary möwsümiň iň uly täsinlikleriniň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

Şeýlelikde, 2026/27 möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kowentri», «Ipswiç» we «Hall Siti» çykyş eder. 25 ýyldan soň dolanan «Kowentri», durnukly ösüşiň miwesi bolan «Ipswiç» hem-de garaşylmadyk üstünlik gazanan «Hall Siti» täze möwsümiň iň gyzykly toparlarynyň hatarynda bolar.