Andoni Iraola "Liwerpul" üçin dogry saýlawmy?

«Liwerpulyň» täze baş tälimçisi hökmünde Andoni Iraolanyň bellenmegi futbol dünýäsinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Bir tarapdan, ispan hünärmeniniň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri onuň "mersisaýd" topary üçin gowy saýlaw bolup biljekdigini görkezýär. Beýleki tarapdan bolsa, onuň ýokary derejeli toparlardaky tejribesiniň ýoklugy käbir soraglary döredýär.

Iraola tälimçilik ýolunda uly at-abraýy ilkinji nobatda «Bornmutdaky» işi bilen gazandy. Ol çäkli mümkinçiliklere eýe bolan topar bilen diňe bir gowy netijeler görkezmek bilen çäklenmän, eýsem janköýerlere özüne çekiji futbol hem hödürledi. Onuň toparlary ýokary depginde oýnap, garşydaşa güýçli basyş edýär we hüjüme çalt geçýär. Bu aýratynlyklar bolsa köp hünärmenleriň pikirine görä, Arne Slotyň futbolyndan has köp Ýürgen Kloppyň döwrüni ýatladýar.

Ispan tälimçisiniň iň güýçli taraplarynyň biri ýaş futbolçylary ösdürmek ukyby hasaplanýar. «Bornmutda» çykyş eden Antuan Semenýo, Din Heýsen, Miloş Kerkez, Eliýas Krupi we Aleks Skott ýaly futbolçylar onuň ýolbaşçylygynda uly ösüş gazandylar. Şol sebäpli köp hünärmenler «Liwerpulyň» hüjümçileriniň hem Iraolanyň ýolbaşçylygynda öňküsinden has netijeli çykyş edip biljekdigine ynanýarlar.

Şeýle hem Iraola toparyň içindäki ýagdaýlary dolandyrmakda-da özüni gowy görkezdi. Geçen möwsüm «Bornmut» noýabr-dekabr aýlarynda kyn döwri başdan geçiren hem bolsa, tälimçi toparyň ruhuny saklap bildi. Netijede, topar möwsümiň ikinji ýarymynda diňe bir gezek ýeňildi. Bu bolsa onuň psihologik taýdan durnukly hünärmendigini görkezýär.

Emma Iraolanyň bellenmegine şübhe bilen garaýanlar hem bar. Olaryň esasy getirýän delili – tälimçiniň şu wagta çenli hiç haçan Ýewropanyň iň uly toparlarynyň birinde işlemändigidir. «Liwerpul» ýaly dünýä derejesindäki topary dolandyrmak bolsa «Bornmutdan» düýbünden başga mesele hasaplanýar. Bu ýerde diňe oýun ulgamyny gurmak däl, eýsem dünýä ýyldyzlary bilen işleşmek hem möhümdir.

Mundan başga-da, käbir synçylar «Bornmutyň» üstünliklerinde skautlar bölüminiň uly paýynyň bolandygyny belleýärler. Topar soňky ýyllarda transfer bazarynda örän üstünlikli işledi we köp arzan futbolçylary ýokary derejeli oýunçylara öwürdi. Şol bir wagtda bolsa «Liwerpul» soňky transfer möwsümlerinde hemişe üstünlikli hereket edip bilmedi. Şonuň üçin Iraolanyň öňki netijelerini täze şertlerde gaýtalap biljekdigi baradaky sorag açyklygyna galýar.

Her niçigem bolsa, 43 ýaşly ispan hünärmeni tälimçilik ýolunda yzygiderli ösüş görkezdi. Ol ilki Kipriň «AEK» toparynda işledi, soňra «Mirandesde» tejribe toplady. 2020-nji ýylda «Raýo Walýekanonyň» başyna geçip, topary Segundadan La Liga çykardy we iki möwsüm yzly-yzyna orta hatarlarda saklamagy başardy. 2023-nji ýylda bolsa «Bornmuta» geçip, topary ilkinji gezek Ýewrokuboklara çykardy.

Şonuň üçin Iraolanyň «Liwerpula» bellenmegi uly töwekgelçilik hökmünde hem, uzak möhletli üstünlik gazanmak üçin oňat mümkinçilik hökmünde hem görülýär. Möwsüm başlanandan soň bu saýlawyň näderejede dogrudygyny diňe wagt görkezer.