"Napoli" Rasmus Hoýlundy doly transfer etdi
Daniýaly hüjümçi Rasmus Hoýlundyň «Mançester Ýunaýtetdäki» döwrüniň soňuna ýetendigi resmi taýdan tassyklandy. Angliýanyň topary futbolçynyň Italiýanyň «Napoli» toparyna hemişelik geçendigini yglan etdi.
23 ýaşly hüjümçi geçen möwsümi neapollylaryň düzüminde kärende esasynda geçirdi. Hoýlund Italiýada özüni üstünlikli görkezip, toparyň hüjüm çyzygynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi. Şol sebäpli «Napoli» futbolçyny doly transfer etmek kararyna geldi.
Metbugatda çap edilen maglumatlara görä, italýan topary bu transfer üçin takmynan 44 million ýewro töledi. Şeýlelikde, geçen tomus şertnamada göz öňünde tutulan satyn almak hukugy işjeňleşdirildi.
Rasmus Hoýlund geçen möwsümde «Napoliniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 44 duşuşykda meýdana çykdy. Ol şol oýunlarda 16 gol geçirip, toparyň üstünliklerine uly goşant goşdy. A Seriýada bolsa 33 duşuşykda 12 gol geçirip, 6 asist berdi.
Daniýaly futbolçy 2023-nji ýylyň tomsunda Italiýanyň «Atalanta» toparyndan «Mançester Ýunaýtede» geçipdi. Şol wagt "gyzyllar" onuň transferi üçin 79,8 million ýewro töweregi serişde sarp edipdi. Hoýlund şol döwürde Ýewropanyň iň geljegi uly hüjümçileriniň biri hasaplanýardy.
Ol "gyzyl şeýtanlaryň" düzüminde iki möwsüm çykyş etdi. Bu döwürde ähli ýaryşlarda 95 duşuşykda meýdana çykyp, 26 gol geçirdi. Käbir duşuşyklarda täsirli oýun görkezendigine garamazdan, Hoýlundyň Angliýadaky çykyşy klubyň garaşan derejesine doly laýyk gelmedi.
Şol sebäpli geçen tomusda onuň «Napola» kärendä iberilmegi iki tarap üçin hem peýdaly çözgüt boldy. Italiýada futbolçy özüne bolan ynamy täzeden gazandy we gol geçiriş netijeliligini ýokarlandyrdy.
Neapollylar hem onuň oýnundan kanagatlanýandyklaryny görkezip transferi hemişelik görnüşe geçirdiler. Şeýlelikde, Hoýlund karýerasyny resmi taýdan Italiýada dowam etdirer.
Bu transfer «Mançester Ýunaýtediň» tomusky düzüm täzelenişiniň bir bölegi hökmünde hem görülýär. Topar soňky günlerde Edersonyň transferini tamamlady we başga-da birnäçe täze futbolçy bilen gyzyklanýar. Hoýlundyň satylmagy bolsa kluba täze transferler üçin goşmaça maliýe mümkinçiligini döretdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


