"Mançester Ýunaýted" Edersonyň transferini tamamlady

«Mançester Ýunaýted» tomusky transfer möwsümindäki ilkinji uly geleşigini üstünlikli tamamlady. Angliýanyň topary Italiýanyň «Atalanta» toparynda çykyş edýän braziliýaly ýarymgoragçy Edersony düzümine goşmak boýunça ylalaşyga geldi.

Žurnalist Dewid Ornşteýniň maglumatyna görä, Bergamo topary "gyzyl şeýtanlaryň" 40,5 million ýewro we goşmaça 4,5 million ýewro bonuslary öz içine alýan teklibini kabul etdi. Şeýlelikde, transferiň umumy gymmaty 45 million ýewro ýetip biler.

Habarlara görä, Ederson hem täze topary bilen şahsy şertler boýunça ylalaşyga geldi. Braziliýaly futbolçy «Mançester Ýunaýtet» bilen dört ýyllyk şertnama baglaşar. Şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Transferiň resmi taýdan tamamlanmagy üçin futbolçynyň diňe lukmançylyk barlagyndan geçmegi galdy. Edersonyň Angliýa geçişiniň iýul aýynda resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar.

25 ýaşly ýarymgoragçy soňky ýyllarda «Atalantanyň» iň möhüm oýunçylarynyň birine öwrüldi. Ol diňe bir gorag işlerinde däl, eýsem hüjüm guramakda-da toparyna uly kömek berip gelýär. Geçen möwsümde Ederson ähli ýaryşlarda 41 duşuşykda meýdana çykyp, 3 gol we 2 asist bilen tapawutlandy.

«Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi Maýkl Karrigiň ýolbaşçylygyndaky topar täze möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş etmäge taýýarlanýar. Şonuň üçin hem toparyň ýolbaşçylary düzümde uly özgertmeleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Ederson tomusda topara goşuljak ýeke-täk ýarymgoragçy bolmaz. «Ýunaýted» bu ugurda ýene-de azyndan bir ýa-da iki täze futbolçyny transfer etmegi maksat edinýär.

Munuň esasy sebäbi bolsa toparyň iki tejribeli ýarymgoragçysy bilen hoşlaşmaga taýýarlanmagydyr. Habarlara görä, urugwaýly Manuel Ugarte hem-de braziliýaly Kazemiro tomusda topary terk ederler. Şol sebäpli klub merkezi ýarymgorag çyzygyny düýpli täzeläp, täze möwsüme has güýçli düzüm bilen girmek isleýär.

Soňky günlerde «Mançester Ýunaýtediň» gyzyklanma bildirýän futbolçylarynyň arasynda «Nottingem Forestiň» Elliot Andersony, «Realyň» Orelýen Çuamenisi, «Sautgemptondan» Mateuş Fernandeşi, «Kristal Pelasyň» Adam Wortony hem-de «Braýtonyň» Karlos Balebasy ýaly oýunçylaryň atlary hem agzalýar.

Edersonyň transferi bolsa bu taslamanyň ilkinji möhüm ädimi hökmünde görülýär. Braziliýaly futbolçy soňky möwsümlerde Italiýanyň A Seriýasynda özüni ýokary derejede görkezip, Ýewropanyň iň durnukly ýarymgoragçylarynyň biri hökmünde tanaldy.

Şeýlelikde, «Mançester Ýunaýted» täze möwsüm öňüsyrasynda düzümine güýçli goşant goşup, Edersony topara getirmek bilen ýarymgorag çyzygyny güýçlendirmek ýolunda möhüm ädim ätdi.