"Mançester Ýunaýtediň" täze tapyndysy möwsümiň iň gowy transferi boldy

Angliýanyň Premýer-ligasynda 2025/26 möwsüminiň iň gowy transferi üçin geçirilen janköýerleriň ses berlişiginiň netijeleri mälim edildi. Möwsümiň iň üstünlikli transferi diýen ada «Mançester Ýunaýtediň» belgiýaly derwezeçisi Senne Lammens mynasyp boldy.

23 ýaşly derwezeçi geçen tomus transfer penjiresiniň ahyrky günlerinde Belgiýanyň «Antwerpen» toparyndan "gyzyl şeýtanlaryň" düzümine goşulypdy. Transferiň bahasy 21 million ýewro barabar boldy. Futbolçy bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli möhletli şertnama baglaşyldy.

Lammensiň transferi ilkinji günlerde toparyň janköýerleriniň arasynda dürli pikirleri döretdi. Köp adamlar täze derwezeçiniň toparyň esasy oýunçysyna öwrülip biljekdigine şübhelenýärdi. Şeýle-de bolsa, belgiýaly futbolçy gysga wagtda özüni görkezmegi başardy we köpleriň Andre Onana baradaky gürrüňlerini ýatdan çykardy.

Geçen möwsümde Senne Lammens Premýer-ligada 32 duşuşykda meýdana çykdy. Ol şol oýunlarda 39 gol geçirtdi, emma 8 duşuşykda derwezesini golsuz saklamagy başardy. Şeýle hem derwezeçi möwsümiň dowamynda 79 sany urgyny saklady.

Has täsirli görkezijileriň biri hem onuň topar bilen gazanan netijeleri boldy. «Mançester Ýunaýted» Lammensiň gatnaşan 32 duşuşygynyň 28-sinde ýeňilmän meýdandan çykdy. Bu oýunlaryň 18-si ýeňiş, 10-sy deňlik bilen tamamlandy, diňe 4 duşuşykda bolsa topar ýeňlişe sezewar boldy.

Möwsümiň iň gowy transferi baýragy ugrunda güýçli bäsdeşlik bardy. Gysga sanawda «Arsenaldan» Wiktor Dýokereş, «Çelsiden» Žoao Pedro, «Mançester Sitiden» Raýan Şerki we Antuan Semenýo, «Lidsden» Dominik Kalwert-Lýuin, «Bornmutdan» Adrien Trýuffer hem-de «Sanderlendden» Granit Jaka ýaly futbolçylar hem bardy. Şeýle-de bolsa, janköýerleriň köpüsi sesini Lammense berdi.

Möwsümiň üstünlikli geçmegi onuň bazar bahasyna hem täsir etdi. Häzirki wagtda "Transfermarkt" portaly belgiýaly derwezeçiniň bahasyny 30 million ýewro diýip görkezýär. Bu görkeziji bilen ol dünýäniň iň gymmat derwezeçileriniň ilkinji onlugyna girýär.

Soňky täzelenen maglumatlara görä, dünýäniň iň gymmat derwezeçileriniň sanawynda «Mançester Sitiniň» italýan derwezeçisi Janluiji Donnarumma 45 million ýewro bilen birinji ýerde durýar. Senne Lammens bolsa 30 million ýewrolyk baha bilen iň gymmat derwezeçileriň arasynda 8-11-nji orunlary paýlaşýar.

Şeýlelikde, «Mançester Ýunaýtediň» geçen tomus eden transferleriniň iň üstünliklisi hökmünde görkezilýän Senne Lammens ilkinji möwsüminde hem janköýerleriň, hem-de hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolup, Premýer-liganyň möwsümiň iň gowy transferi baýragyny gazandy.