"Real" Denzel Dýumfrisi düzümine goşmaga ýakyn
Ispaniýanyň «Real» topary tomusky transfer möwsüminiň iň sesli geleşiklerinden birini amala aşyrmaga taýýarlanýar. Madridliler Milanyň «Inter» toparynda çykyş edýän Gollandiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Denzel Dýumfrisi düzümine goşmak boýunça ähli esasy şertleri ylalaşdy.
Fabrizio Romano hem-de birnäçe Ýewropa neşirleriniň habar bermegine görä, «Real» futbolçynyň şertnamasyndaky 20 million ýewro möçberindäki çykalga tölegini işjeňleşdirer. 30 ýaşly goragçy hem karýerasyny Madridde dowam etdirmäge razylyk beripdir. Taraplaryň arasynda ähli esasy meseleler çözülip, resmi tassyklamanyň ýakyn wagtda edilmegine garaşylýar.
Habarlarda bellenilişi ýaly, Dýumfris üçin başga toparlar hem gyzyklanma bildiripdir. Hususan-da, «Barselona» ony sag gyradaky goragy güýçlendirmek üçin esasy dalaşgärleriň biri hökmünde görüpdir. Şeýle-de «Liwerpul» gyşky transfer döwründen bäri gollandiýaly futbolçyny yzarlap gelipdir. Emma Dýumfris soňky kararyny «Realyň» peýdasyna çykaryp, beýleki teklipleri kabul etmändir.
Madrid toparynyň ýolbaşçylary bu transferi doly goldapdyrlar. Maglumatlara görä, toparyň prezidenti Florentino Peres hem-de täze baş tälimçi hökmünde görkezilýän Žoze Mourinýu bu geçişi makullapdyr. Hatda portugaliýaly hünärmeniň Dýumfrisiň transferiniň amala aşmagyna aýratyn gyzyklanma görkezendigi aýdylýar.
Dýumfris soňky bäş möwsümi «Interiň» düzüminde geçirdi. Ol bu döwürde toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi. Gollandiýaly futbolçy Milan topary bilen iki gezek Italiýanyň çempiony boldy, üç gezek Italiýanyň Kubogyny hem-de üç gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.
2025/26 möwsüminde Dýumfris ähli ýaryşlarda 28 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunlarda 5 gol geçirip, 2 asist berdi. Goragçy bolandygyna garamazdan, onuň hüjüme goşulyşmagy we ýokary işjeňligi toparyna köp peýda getirdi.
Transferiň amala aşmagy bilen, «Real» uzak wagtdan soň ilkinji gezek Gollandiýadan futbolçy transfer eder. Madrid toparynyň iň soňky gollandiýaly transferi 2009-njy ýylda «Aýaksdan» gelen Klaas Ýan Huntelaar bolupdy. Şeýlelikde, Dýumfris 17 ýyldan soň «Realyň» düzümine goşulan ilkinji gollandiýaly futbolçy bolar.
Şeýle-de «Real» diňe Dýumfris bilen çäklenmek islemeýär. Topar «Liwerpuldan» erkin agent hökmünde aýrylan fransuz goragçysy İbraima Konateni hem düzümine goşmaga örän ýakyn. Taraplaryň esasy şertler boýunça ylalaşyga gelendigi we 26 ýaşly futbolçynyň ýakyn wagtda Madridiň toparynyň täze oýunçysy hökmünde yglan edilip bilinjekdigi habar berilýär.
Şeýlelikde, «Real» täze möwsümiň öňüsyrasynda gorag çyzygyny düýpli täzeläp, Dýumfris bilen Konateni toparyň esasy güýçleriniň hataryna goşmaga taýýarlanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


