Futbol dünýäsinde täze sezonda iň köp gürrüňi ediljek tälimçilik transferi Fransiýadan gelýär!
"Real Madrid" toparynyň üstünliklerinde sahnanyň arka tarapyndaky gizlin zehin kakasynyň kölegesinden doly çykýar. Karlo Ançelottiniň ogly Dawide Ançelotti resmi taýdan Fransiýa Ligue1 kökli "Lill" toparynyň täze baş tälimçisi boldy.
Fransuz kluby 36 ýaşly italýan tälimçisi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşandygyny resmi taýdan duýurdy. Ýadyňyzda bolsa, "Lill" geçen möwsümde Fransiýa ligasynda üçünji orny eýeledi we çempionlar ligasyna göniden gitmek biledini gazandy. Topary Çempionlar ligasyna çykaran Bruno Jenesio bilen ýollaryny aýyrandan soň, ýolbaşçylar futbol dünýäsiniň ýaş akyllarynyň birine ýüzlendiler.
Dawide Ançelotti kim we bu şertnama näme üçin şeýle möhüm?

Dawide köp ýyllaryň dowamynda kakasy Karlo Ançelottiniň sag eli bolup tälimçilik hünärlerini güýçlendirdi. Ol kakasyna Real Madrid, Bawariýa, Napoli we Ewerton ýaly ägirtlerde kömek etdi. Ol, esasanam, taktiki zehini we oýunçylar bilen ysnyşykly gatnaşyklary sebäpli Real Madridiň Çempionlar Ligasyndaky ýeňişleriniň arkasynda duran gahryman hökmünde kabul edildi. Braziliýada gysga wagtlyk işläninden soň, ol indi ilkinji gezek baş tälimçi hökmünde Ýewropa sahnasyna çykýar.
Fransiýa aslynda Dawide üçin nätanyş däl. Ol tälimçilik karýerasyna 2012-nji ýylda kakasy bilen birlikde PSG-de kömekçi tälimçisi hökmünde başlady. Şonuň üçin ol liganyň ýagdaýyny gowy bilýär üstesinede fransuz dilinde örän erkin gepleýär. Bu transferiň iň geň tarapynyň nämedigini bilýärsiňizmi? "Lill" indiki möwsümde Çempionlar Ligasynda gönüden-göni bäsleşer. Bu, geljek möwsümde ägirtleriň arenasynda ata bilen ogluň arasyndaky taktiki söweşiň - Karlo Ançelotti bilen Dawide Ançelottiniň arasyndaky duşuşygyň - şaýady bolmagymyzyň mümkindigini aňladýar.
Hawa, Dawide Ançelottiniň döwri "Lill"-de resmi taýdan başlady. Ýaş italýan kakasy ýaly ady rowaýata öwrülip bilermi ýa-da kömekçi tälimçiden baş tälimçilige geçmek onuň üçin wagtyndan öň ädimmi? Teswirlerde siziň pikirleriňizi garaşýaryn.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


