"Benfika" täze baş tälimçi hökmünde Marku Silwany saýlady

Portugaliýanyň «Benfika» topary baş tälimçi wezipesi üçin täze dalaşgär bilen ylalaşyga geldi. Habarlara görä, soňky wagtda Angliýanyň «Fulhem» toparyna ýolbaşçylyk eden portugaliýaly hünärmen Marku Silwa ýakyn günlerde Lissabonyň toparynyň täze baş tälimçisi bolar.

Bu çözgüt «Benfikanyň» häzirki baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň Madridiň «Real» toparyna gitmäge golaýlaşmagy bilen bagly kabul edildi. Şonuň üçin lissabonlylar täze möwsüme taýýarlygy häzirden başlap goýberdiler.

Žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, 48 ýaşly hünärmen «Benfika» bilen 2028-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşar. Şertnamada ony 2029-njy ýyla çenli uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Silwanyň täze toparyndaky aýlygy «Fulhemdäki» aýlygyndan pes bolar.

Marku Silwa «Fulhemi» 2021-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Londonly topar onuň topardan gitýändigini 2-nji iýunda habar berdi. Onuň ýolbaşçylygynda londonly topar ähli ýaryşlarda 229 duşuşyk geçirdi. Şol oýunlaryň 102-sinde ýeňiş gazanyldy, 42 duşuşyk deňlik bilen tamamlandy we 83 gezek ýeňliş hasaba alyndy.

Portugaliýaly tälimçiniň ýolbaşçylygyndaky döwürde «Fulhem» Angliýanyň Premýer-ligasynda öz ornuny berkitmegi başardy. Hut şol üstünlikler hem onuň adyny Ýewropanyň abraýly toparlary bilen baglanyşdyrdy.

Portugaliýanyň "A Bola" neşiriniň maglumatlaryna görä, Silwa «Benfika» bilen esasy şertler boýunça eýýäm ylalaşdy. Hatda hünärmeniň Londona baryp, «Fulhemiň» ýolbaşçylaryna öz karary barada şahsy ýagdaýda habar berendigi aýdylýar.

Marku Silwa tälimçilik ýolunda birnäçe tanalýan toparlarda işledi. Ol Angliýada «Ewerton», «Wotford» we «Hall Siti» toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem Gresiýanyň «Olimpiakos» toparynda üstünlikli işläp, birnäçe kubok gazandy. Portugaliýada bolsa «Sporting» we «Eştoril» toparlarynda tejribe toplady.

Şeýle baý tejribe «Benfikanyň» ýolbaşçylarynyň saýlawynda möhüm rol oýnady. Lissabon topary täze möwsümde diňe içerki ýaryşlarda däl, eýsem Ýewropa kuboklarynda hem üstünlik gazanmagy maksat edinýär.