"Liwerpul" täze baş tälimçisini tapdy
«Liwerpul» topary täze möwsümiň öňüsyrasynda baş tälimçi meselesini tiz wagtda çözüp, ispaniýaly hünärmen Andoni Iraola bilen ylalaşyga geldi. Birnäçe gün ozal "gyzyllaryň" baş tälimçisi wezipesinden Arne Slotyň gidendigi resmi taýdan mälim edilipdi.
Meşhur futbol žurnalisti Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, «Liwerpul» bilen Andoni Iraolanyň arasyndaky gepleşikler üstünlikli tamamlandy. Taraplar soňky 48 sagadyň dowamynda möhüm öňegidişlik gazanyp, şertnamanyň ähli esasy şertleri boýunça ylalaşdylar. Şeýlelikde, 43 ýaşly ispaniýaly hünärmen täze möwsümden başlap «Liwerpula» ýolbaşçylyk eder.
Andoni Iraola tälimçilik ýoluna Kipriň «AEK Larnaka» toparynda başlapdy. Ol ýerde uzak işlemese-de, ilkinji tejribesini gazandy. Soňra bir möwsüm «Mirandes» toparyna ýolbaşçylyk etdi. Hünärmeniň karýerasyndaky iň üstünlikli döwürleriň biri bolsa 2020-nji ýylda başlandy.
Şol ýyl Iraola «Raýo Walýekano» toparynyň başyna geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda Madridiň topary Segunda ligasyndan ýokary diwiziona çykmagy başardy. Soňra bolsa topar iki möwsüm yzly-yzyna Ispaniýanyň ýokary ligasynda 12-nji orny eýeläp, durnukly çykyş etdi.
2023-nji ýylyň tomsunda Iraola Angliýanyň «Bornmut» toparyna ýolbaşçy boldy. Ispan hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky topar soňky ýyllarda uly ösüş görkezdi. 2025/26 möwsüminiň ahyrynda «Bornmut» Premýer-ligada 6-njy orny eýeläp, öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubok ýaryşlaryna gatnaşmak hukugyny gazandy.
Bu üstünlik Iraolanyň adyny Angliýanyň iň geljegi uly tälimçileriniň biri hökmünde öňe çykardy. Hut şol üstünlikden soň «Liwerpulyň» ýolbaşçylary onuň kandidaturasyna aýratyn üns berdiler.
Arne Slotyň ýolbaşçylygyndaky soňky möwsüm «Liwerpul» üçin garaşylan derejede geçmedi. Topar Angliýanyň Premýer-ligasynda 60 utuk toplap, diňe 5-nji orny eýeläp bildi. Çempion bolan möwsümden soň şeýle netije toparyň ýolbaşçylaryny täze çözgüt gözlemäge mejbur etdi.
Gyzykly tarapy, Iraolanyň ýolbaşçylygyndaky «Bornmut» möwsümi «Liwerpuldan» diňe bir basgançak aşakda – 6-njy ýerde tamamlady. Şeýle-de bolsa, onuň ýolbaşçylygyndaky toparyň mümkinçilikleriniň we býujetiniň has pesdigini nazara alsak, bu üstünlik aýratyn ýokary baha mynasyp boldy.
Indi «Liwerpulyň» janköýerleri täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda toparyň öňki şöhratyny dikeldip biljekdigine umyt baglaýarlar. Andoni Iraolanyň öňünde uly wezipe durýar – Angliýanyň iň meşhur toparlarynyň birini ýene-de çempionlyk ugrundaky göreşe dolamak hem-de Ýewropa ýaryşlarynda üstünlik gazanmak.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


