Modriç üçin Horwatiýanyň ýygyndysynda bäşinji Dünýä çempionaty

Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Zlatko Daliç 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionaty üçin gutarnykly 26 futbolçydan ybarat düzümi mälim etdi. Sanawyň merkezinde bolsa horwat futbolynyň janly rowaýatyna öwrülen 40 ýaşly Luka Modrić bar.

Täze möwsümde «Milan» toparynda çykyş edýän Modriç üçin bu Dünýä çempionaty karýerasyndaky bäşinji mundial bolar. Tejribeli ýarymgoragçy Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp oýun geçiren futbolçy bolup, häzirki wagta çenli milli toparyň düzüminde 196 duşuşykda meýdana çykdy we 28 gol geçirdi.

Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýene birnäçe tejribeli futbolçylar hem bar. Olaryň arasynda 152 duşuşykda 38 gol geçiren hüjümçi Iwan Perişiç, 114 oýunda 36 goluň awtory Andreý Kramariç, şeýle-de 111 duşuşyk geçiren Mateo Kowaçiç ýaly tejribeli oýunçylar ýerleşýär.

Gorag çyzygyna bolsa «Mançester Siti» toparynyň ýyldyzy Ýoşko Gwardiol ýolbaşçylyk edýär. 46 duşuşykda milli toparyň köýnegini geýen goragçy şu wagta çenli dört gol geçirmegi başardy. Şeýle hem sanawda Ýosip Stanişiç, Ýosip Şutalo, Due Çaleta-Çar, Marin Pongraçiç we beýleki futbolçylar bar.

Horwatiýanyň Sünýä çempionaty üçin düzümi aşakdaky görnüşde kesgitlenildi:

Derwezeçiler: Dominik Liwakowiç, Dominik Kotarski, Iwor Pandur.

Goragçylar: Ýoşko Gwardiol, Due Çaleta-Çar, Ýosip Şutalo, Ýosip Stanişiç, Marin Pongraçiç, Kristian Ýakiç, Martin Erliç, Luka Wuşkowiç.

Ýarymgoragçylar: Luka Modriç, Mateo Kowaçiç, Mario Paşaliç, Nikola Wlaşiç, Luka Suçiç, Martin Baturina, Petar Suçiç, Nikola Moro, Toni Fruk.

Hüjümçiler: Iwan Perişiç, Andreý Kramariç, Ante Budimir, Marko Paşaliç, Petar Musa, Igor Matanowiç.

Horwatiýanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda Angliýanyň milli ýygyndysy, Gananyň milli ýygyndysy we Panamanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde "L" toparçasyna düşdi. Horwatlar ilkinji duşuşygyny 17-nji iýunda Angliýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.

Bu Horwatiýanyň taryhynda ýedinji Dünýä çempionaty bolar. Toparyň iň uly üstünligi 2018-nji ýylda gazanan kümüş medaly bolup galýar. Şeýle hem horwatlar 1998-nji we 2022-nji ýyllarda bürünç medallara mynasyp bolupdylar.

2026-njy ýyldaky mundial aýratyn hem Luka Modriç üçin taryhy ähmiýete eýe bolar. Karýerasynyň soňky ýyllaryny geçirýän tejribeli ýarymgoragçy milli topar bilen ýene bir gezek Dünýä çempionatynda çykyş edip, Horwatiýanyň futbol taryhyndaky ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik alar. Modriç eýýäm onlarça ýyl bäri milli ýygyndynyň lideri bolup gelýär we onuň tejribesi bu gezek hem toparyň esasy güýçleriniň biri hasaplanýar.