"Arsenalyň" çempionlyk dabarasy APL-iň rekordyny täzeledi

«Arsenal» topary 2025/26 möwsümindäki taryhy üstünliklerinden soň Angliýanyň futbol taryhyndaky iň uly çempionlyk dabaralarynyň birini geçirdi. Londonyň gyzyl bölegi toparyň 22 ýyldan soň gazanan çempionlygyny uly şatlyk bilen garşy aldy.

Dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, çempionlyk ýörişine takmynan 1,5 million töweregi janköýer gatnaşdy. Şeýlelikde, «Arsenal» şu wagta çenli Angliýanyň Premýer-ligasynda hasaba alnan iň uly çempionlyk dabarasynyň rekordyny goýdy. Mundan öňki rekord 2025-nji ýylda çempionlygy bellän «Liwerpula» degişlidi. Şol wagt Mersisaýd şäherindäki dabaralara 1,2 milliona golaý adam gatnaşypdy.

«Arsenalyň» futbolçylary açyk awtobusda şäher köçelerini aýlanyp, janköýerler bilen bilelikde aýdym aýtdylar, surata düşdüler we üstünliklerini bellediler. Dabara gijä çenli dowam etdi.

Bu çempionlyk «Arsenal» üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Topar iň soňky gezek 2003/04 möwsüminde Angliýanyň çempiony bolupdy. Şonuň üçin hem 14-nji çempionlyk ady londonly janköýerler tarapyndan aýratyn joşgun bilen garşylandy. Häzir «Arsenal» Angliýa çempionatlarynyň sany boýunça 14 kubok bilen üçünji orny eýeleýär. Diňe «Mançester Ýunaýted» bilen «Liwerpulyň» has köp – 20 çempionlygy bar.

Möwsümiň tamamlanmagy bilen «Arsenal» üçin ähli zat üstünlikli bolmady. Topar UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy, emma Budapeştde geçirilen çözgütli duşuşykda «PSŽ» bilen deňme-deň göreşdi. Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykda «Arsenalyň» goluny Kaý Hawers geçirdi. Şeýlelikde, germaniýaly futbolçy Çempionlar ligasynyň finallarynda iki dürli toparyň düzüminde tapawutlanan taryhdaky üçünji futbolçy boldy. Ondan öň diňe Kriştianu Ronaldu bilen Mario Manžukiçe şeýle üstünlik başardypdy.

«PSŽ-niň» düzüminde bolsa Usman Dembele 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. Şeýlelikde, fransuz futbolçy bir möwsümde Çempionlar ligasynyň ähli tapgyrlarynda gol geçiren taryhdaky bäşinji oýunçy boldy.

Soňky netije bolsa penaltiler tapgyrynda aýdyňlyk girizildi. Parižliler 4:3 hasabynda üstün çykyp, yzygider ikinji gezek Ýewropanyň iň güýçli topary adyny gorap sakladylar.

Penaltiler tapgyrynda «Arsenalyň» düzüminde Ebereçi Eze bilen Gabriel dos Santos öz urgularyny dürs ýerine ýetirip bilmediler. Aýratynam, Gabrieliň urgusynyň ýokardan geçmegi duşuşygyň çözgütli pursaty boldy. Gyzykly tarapy, finaldaky şol şowsuz urgudan soň futbolçynyň futbolkalarynyň satuwy 350 göterim ýokarlandy.

Mundan başga-da, statistikalar Gabrieliň Ýewropadaky dokuz ýyllyk karýerasynda şol finala çenli hiç wagt resmi duşuşykda penalti ýerine ýetirmändigini görkezdi.

Şeýlelikde, «Arsenal» bir möwsümde hem Angliýanyň çempiony bolup, hem-de Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp, öz taryhyndaky iň üstünlikli ýyllaryň birini başdan geçirdi. Çempionlyk dabarasy bolsa diňe toparyň däl, eýsem tutuş Premýer-liganyň taryhynda täze rekord hökmünde ýatda galdy.