Jeýms Milner futbol bilen hoşlaşdy
Iňlis futbolynyň tejribeli oýunçylarynyň biri bolan «Liwerpulyň», «Mançester Sitiniň» we Angliýanyň Premýer-ligasynyň rowaýat futbolçysy Jeýms Milner professional futbolçylyk karýerasyny tamamlandygyny resmi taýdan yglan etdi.
40 ýaşly ýarymgoragçy bu kararyny 2025/26 möwsüminiň tamamlanmagyndan soň sosial ulgamlardaky sahypalarynda mälim etdi. Şeýlelikde, 2002-nji ýylda başlan futbolçylyk ýoly 24 ýyldan gowrak wagtdan soň tamamlandy.
Milner uly futboldaky ilkinji duşuşygyny 2002-nji ýylda «Lids Ýunaýtediň» düzüminde geçirdi. Şol döwürde toparyň baş tälimçisi meşhur Bobbi Robsondy. Karýerasynyň soňky topary bolsa 2023-nji ýylda goşulan «Braýton» boldy.
Tejribeli futbolçy Angliýada «Lids Ýunaýted», «Swindon Taun», «Nýukasl Ýunaýted», «Aston Willa», «Mançester Siti», «Liwerpul» we «Braýton» toparlarynyň düzüminde çykyş etdi.
Karýerasynyň dowamynda Jeýms Milner baýraklara baý ýol geçdi. Ol üç gezek Angliýanyň çempiony boldy. Bu üstünlikleriň ikisini «Mançester Sitiniň», birini bolsa «Liwerpulyň» düzüminde gazandy. Şeýle hem ol iki gezek Angliýanyň Kubogyny, iki gezek Liganyň Kubogyny we iki gezek Angliýanyň Superkubogyny utdy.
«Liwerpulyň» düzüminde bolsa Ýewropanyň iň abraýly ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Mundan başga-da, UEFA-nyň Superkubogyny hem-de 2019-njy ýylda Toparlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny gazandy.
Milneriň karýerasyndaky iň täsirli üstünlikleriň biri 2026-njy ýylyň fewralynda hasaba alyndy. Şonda ol Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy boldy. «Brentforda» garşy oýunda meýdança çykan Milner 654-nji duşuşygyny geçirip, 653 oýunlyk rekordyň eýesi Garet Barrini yzda galdyrdy.
Gyzykly tarapy, Milner bu netijä Barriden 14 müň minut töweregi az oýnap ýetdi. Şeýle hem ol soňky 24 möwsümde Premýer-ligada azyndan 100 duşuşyk geçiren 876 futbolçynyň ählisine garşy oýnan ýeke-täk futbolçy hökmünde taryha girdi.
Karýerasynda 900-den gowrak resmi duşuşyk geçiren futbolçy ýene bir täsin görkezijiniň eýesi boldy. Ol Premýer-ligada gol geçiren 55 duşuşygynda hiç haçan ýeňilmedi. Şol oýunlaryň 44-si ýeňiş, 11-si bolsa deňlik bilen tamamlandy.
Jeýms Milneriň karýerasy birnäçe nesli birleşdiren futbol ýoluna öwrüldi. Ol bir tarapdan 1960-njy ýyllarda doglan futbolçylar bilen bile oýnady, beýleki tarapdan bolsa 2007-nji ýylda doglan ýaş oýunçylar bilen bir meýdançany paýlaşdy. Hatda häzirki «Braýtonyň» baş tälimçisi Fabian Hýurseler Milnerden ýedi ýaş kiçi.
Şeýlelikde, Angliýa futbolynyň iň durnukly, iň tejribeli we iň üstünlikli futbolçylarynyň biri bolan Jeýms Milner professional futbol bilen hoşlaşdy. Onuň rekordlary, gazanan kuboklary we iki onýyllykdan gowrak dowam eden ajaýyp karýerasy futbol taryhynda aýratyn orun eýelär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


