Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy futbolçysy boldy
«PSŽ-niň» gürjüstanly ganat hüjümçisi Hwiça Kwarasheliýa 2025/26-njy ýyl möwsüminde UEFA Çempionlar ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol Pariž toparynyň yzygiderli ikinji gezek Ýewropanyň iň abraýly kubogyny gazanmagynda esasy rollaryň birini ýerine ýetirdi.
Geçen möwsümde Hwiça Çempionlar ligasynda 16 duşuşykda meýdança çykyp, 10 gol geçirdi we alty asist etdi. Onuň geçiren gollarynyň ýedisi pleý-off tapgyryna gabat geldi. Şeýlelikde, gürjüstanly ýyldyz toparynyň iň möhüm duşuşyklarynda özüni görkezmegi başardy.
Kwarasheliýa bu görkezijisi bilen «PSŽ-niň» Çempionlar ligasyndaky bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçylarynyň biri boldy. Ondan öň bu netije soňky gezek 2015/16-njy ýyl möwsüminde şwesiýaly hüjümçi Zlatan Ibragimowiç tarapyndan gazanylypdy.
«PSŽ» üçin umumylykda bolsa Hwiça şu möwsüm ähli ýaryşlarda 48 duşuşyk geçirdi. Ol şol oýunlarda 19 gol geçirip, 11 gezek hem topardaşlaryna asist berdi. Hüjümde-de, döredijilikde-de uly goşant goşan futbolçy Pariž toparynyň iň durnukly oýunçylarynyň biri hökmünde tapawutlandy.
Möwsümiň iň uly synagy bolan Çempionlar ligasynyň finalynda «PSŽ» bilen «Arsenal» Budapeşt şäherinde duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Londonlylaryň düzüminde Kaý Hawers tapawutlanan bolsa, parižlileriň adyndan Usman Dembele penalti urgusyndan hasaby deňledi.
Goşmaça wagtda ýeňiji kesgitlenmedi we kubogyň ykbaly penaltiler tapgyrynda çözüldi. Bu ýerde «PSŽ» 4:3 hasabynda üstün çykyp, taryhynda ikinji gezek yzly-yzyna Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.
Bir ýyl ozal hem Luis Enrikeniň şägirtleri finalda «Interi» 5:0 hasabynda ýeňip, kubogy eýeläpdi. Şeýlelikde, Pariž topary Ýewropanyň iň güýçli topary adyny ýene bir gezek gorap saklady.
Kwarasheliýanyň möwsüm boýunça görkezýän ýokary derejesi diňe baýrak bilen däl, eýsem bazar bahasy bilen hem öz beýanyny tapýar. "Transfermarkt" portaly häzirki wagtda onuň bazar bahasyny 90 million ýewro hökmünde görkezýär.
Gürjüstanly futbolçy möwsümiň dowamynda geçiren gollary, asistleri we aýratyn hem pleý-off tapgyryndaky täsirli çykyşy bilen «PSŽ-niň» üstünlikleriniň baş gahrymanlarynyň biri boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


