"Milandan" gitmäge taýýar: Rafael Leaunyň täze çagyryşa gözi düşdi
Italiýanyň «Milan» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Rafael Leau tomusky transfer möwsüminde toparyny terk edip biljekdigini aç-açan mälim etdi. 26 ýaşly futbolçy "rossoneriler" bilen geçiren ýyllaryna buýsanýandygyny, emma indi karýerasynda täze sahypa açmagyň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Leau öz çykyşynda «Milan» toparynyň futbolçy hökmünde ösmeginde uly ornunyň bolandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, topar kyn pursatlarda hem özüne goldaw berdi we hut Milan şäheriniň toparynda ol Ýewropanyň iň güýçli hüjümçileriniň birine öwrüldi.
Portugaliýaly ýyldyz özüniň topar üçin elinden gelen ähli zady edendigine ynanýar.
– Meniň pikirimçe, «Milan» üçin edip biljek ähli zadymy etdim. Bu topar maňa ösmegime kömek etdi, kyn günlerde goldaw berdi. Men «Milanyň» taryhynda öz adymy galdyrandygym üçin buýsanýaryn. Emma her bir futbolçynyň öz arzuwlary, maksatlary we täze synaglary bolýar – diýip, Leau "Sport TV Portugal" neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Futbolçy häzirki wagtda başga bir çempionatda özüni synap görmek isleýändigini hem gizlemedi.
– Men täze çagyryşa taýýar. Başga bir ligada çykyş edip görmek isleýärin. Meniň üçin dogry wagtyň gelendigini duýýaryn. «Milan» üçin elimden gelenini etdim, indi bolsa täze tejribe toplamaga synanyşmak isleýärin – diýip, portugaliýaly hüjümçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de bolsa, Leau haýsy topara ýa-da haýsy çempionata gitmek isleýändigini anyk aýtmady. Soňky aýlarda onuň ady Ispaniýanyň, Angliýanyň we Saud Arabystanyň birnäçe toparlary bilen baglanyşdyrylyp gelinýär.
Futbolçy häzirki wagtda esasy ünsüni Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gönükdirýändigini aýtdy. Şonuň üçin hem geljegi baradaky gutarnykly karary gyssagly kabul etmejekdigini mälim etdi.
Rafael Leau 2019-njy ýyldan bäri «Milan» toparynda çykyş edýär. Şol döwürde ol toparyň esasy liderleriniň birine öwrüldi, Italiýanyň çempionlyk adyny gazanmaga uly goşant goşdy we A Seriýanyň iň parlak ýyldyzlarynyň biri hökmünde tanaldy.
"Transfermarkt" portalynyň maglumatyna görä, futbolçynyň häzirki bazar bahasy 50 million ýewro deňdir. Onuň «Milan» bilen baglaşan şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Şeýle-de bolsa, Leaunyň soňky beýanaty tomusky transfer bazarynyň iň gyzykly wakalarynyň biriniň golaýlap biljekdigini görkezýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


