"PSŽ" penaltiler tapgyrynda "Arsenaly" ýeňip, Çempionlar ligasynyň kubogyny gorap galdy

Ýewropanyň iň abraýly klublar ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň finaly Budapeştde geçirildi. Çözgüt beriji duşuşykda «Arsenal» bilen «PSŽ» duşuşdy. Esasy we goşmaça wagtynda ýeňiji kesgitlenmän, kubogyň eýesi penaltiler tapgyrynda belli boldy. Has takyk çykyş eden Pariž topary 4:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna ikinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Duşuşyk örän işjeň başlandy. Londonlylar eýýäm 6-njy minutda hasaby açmagy başardylar. Leandro Trossaryň pasyndan soň Kaý Hawers derwezeban bilen ýeke-ýekä çykyp, topy tora girizdi. Şeýlelikde, «Arsenal» finalyň ilkinji minutlarynda öňe saýlandy.

Bu gol Hawers üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Germaniýaly futbolçy Çempionlar ligasynyň finallarynda iki dürli toparyň düzüminde tapawutlanan taryhdaky üçünji oýunçy boldy. Ondan öň şeýle üstünlik diňe Kriştianu Ronaldu bilen Mario Manžukiçe başardypdy. Hawers mundan ozal 2021-nji ýylda «Çelsiniň» düzüminde hem finalda gol geçiripdi.

Birinji ýarymda «Arsenal» goranyşda örän tertipli çykyş etdi. Parižliler topa has köp eýelik eden hem bolsalar, Dawid Raýanyň goraýan derwezesiniň öňünde hakykatdanam howply pursat döredip bilmediler. London topary bolsa arakesmä 1:0 hasabyndaky artykmaçlyk bilen gitdi.

Ikinji ýarymda oýnuň keşbi üýtgedi. «PSŽ» hüjümleriniň tizligini ýokarlandyrdy we garşydaşyny öz jerime meýdançasyna gysyp başlady. Netijede, 65-nji minutda parižliler penalti gazandylar. Topuň başyna Usman Dembele geçdi we sowukganlylyk bilen hasaby deňledi.

Bu gol diňe bir «PSŽ-niň» oýna dolanmagyna kömek etmän, eýsem Dembeleni hem aýratyn taryhy sanawa goşdy. Fransuz ýyldyzy şu möwsümde Çempionlar ligasynyň ähli tapgyrlarynda – toparçada, 1/16 finalda, 1/8 finalda, çärýek finalda, ýarym finalda we finalda gol geçiren taryhdaky bäşinji futbolçy boldy. Ondan öň şeýle netijä diňe Diego Milito, Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu we Sadio Mane ýetipdi.

Hasap deňlenenden soň duşuşyk has seresaply dowam etdi. Iki topar hem töwekgelçilik etmekden saklandy. Esasy wagtyň ahyryna çenli başga gol bolmady we final goşmaça wagtlara geçdi.
Soňky on ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalynda goşmaça wagt oýnaldy. Mundan öň şeýle ýagdaý 2016-njy ýylda «Real» bilen «Atletikonyň» arasyndaky finalda bolupdy.

Goşmaça wagtlarda toparlar esasan goranyşa üns berdiler. Iki tarapyň hem esasy maksady penaltiler tapgyryna çenli ýalňyşlyk goýbermezlik boldy. Netijede, kubogyň eýesi 11 metrlik urgular arkaly kesgitlenmeli boldy.

Penaltiler tapgyrynda «PSŽ-niň» futbolçylary has sowukganly çykyş etdiler. Parižliler dört urgyny üstünlikli ýerine ýetiren bolsalar, «Arsenalyň» oýunçylary iki gezek ýalňyşdylar. Şeýlelikde, Fransiýanyň topary 4:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasynyň kubogyny gorap saklady.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde «PSŽ-niň» ýarymgoragçysy Witinýa saýlandy. Portugaliýaly futbolçy meýdançada 105 minut çykyş edip, 12,7 kilometr aralygy geçdi we paslarynyň 97 göterimini takyk ýerine ýetirdi. Onuň oýna gözegçilik etmegi we toparyň hüjümlerini guramakdaky roly ýokary baha mynasyp boldy.

Şeýlelikde, Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky «PSŽ» yzly-yzyna iki ýyl Ýewropanyň iň güýçli topary adyny saklap galdy. Parižliler geçen ýyl finalda «Interi» 5:0 hasabynda ýeňen bolsalar, bu gezek kuboga has kyn ýoldan, penaltiler tapgyry arkaly ýetdiler.

«Arsenal» bolsa taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmak mümkinçiligine örän golaý geldi. Şeýle-de bolsa, londonlylar finalda mynasyp göreş alyp barsalar-da, bu gezek kubogy göterip bilmediler.