RSL. "Al-Nasr" çempion tälimçisi Žorže Žezuş bilen hoşlaşdy

Saud Arabystanyň «Al-Nasr» topary çempionlykdan soň garaşylmadyk habary resmi taýdan mälim etdi. Er-Riýad topary portugaliýaly tälimçi Žorže Žezuşyň baş tälimçi wezipesinden gidendigini yglan etdi. Klub bu habary sosial torlarynda paýlaşyp, tälimçä minnetdarlyk bildirdi.

"Nähili başdan geçirme. Nähili bir döwür. Sag boluň, mister" – diýip, «Al-Nasryň» resmi habarynda bellenildi.

71 ýaşly hünärmeniň gitjekdigi baradaky gürrüňler soňky hepdelerde köpeldi. Ýöne bu habar topar çempion bolandan soň resmi häsiýete eýe boldy. Möwsümiň soňky tapgyrynda «Al-Nasr» öz meýdançasynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi we Saud Arabystanyň çempiony boldy.

Şol duşuşykdan soň Žorže Žezuş özüniň topardan gidýändigini mälim etdi. Portugaliýaly hünärmen çykyşynda esasy maksadynyň ýerine ýetendigini aýtdy.

"Men bu ýere Kriştianu Ronalda we topara çempion bolmaga kömek etmek üçin geldim. Indi gitmegiň wagty geldi" – diýip, Fabrizio Romano tälimçiniň sözlerini ýetirdi.

Žezuş 2025-nji ýylyň tomsunda «Al-Nasryň» baş tälimçisi wezipesine bellenipdi. Ondan öň ol Saud Arabystanyň başga bir güýçli topary bolan «Al-Hilalyň» başynda işläpdi. Portugaliýaly tälimçi şol topardan işden boşadylandan birnäçe aý soň «Al-Nasra» geldi.

Soňky möwsüm onuň üçin üstünlikli tamamlandy. «Al-Nasr» çempionatda esasy garşydaşy «Al-Hilaldan» iki utuk öňe çykyp, altyn medallary gazandy. Toparyň esasy ýyldyzy Kriştianu Ronaldu hem täsirli möwsüm geçirdi. 41 ýaşyndaky portugaliýaly hüjümçi çempionatda 28 gol geçirip, toparyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Žezuşyň karary köp janköýeri geň galdyrdy. Sebäbi topar çempion bolandan soň ýolbaşçylaryň onuň bilen täze şertnama baglaşmagyna garaşylýardy. Emma portugaliýaly hünärmeniň häzirki şertnamasy tamamlanýar we ol uzaldylmaz.

Soňky maglumatlara görä, Kriştianu Ronaldu tälimçini ýene bir ýyl toparda galmaga yrjak bolupdyr. Ýöne Žezuş öz kararyny üýtgetmändir. Şeýle hem habarçylaryň ýazmagyna görä, täze baş tälimçiniň saýlanmagynda Ronaldunyň hem sözi bolar.

Hatda portugaliýaly ýyldyzyň ýolbaşçylara täze tälimçi hökmünde belli bir portugaliýaly hünärmeniň kandidaturasyny hödürländigi aýdylýar. Emma onuň ady häzirlikçe gizlin saklanýar.

Žorže Žezuş häzirki wagtda birnäçe toparyň üns merkezinde durýar. Habarlara görä, Portugaliýanyň milli ýygyndysy hem-de Türkiýäniň «Fenerbahçe» topary tejribeli hünärmen bilen gyzyklanýar.

Şeýlelikde, «Al-Nasrda» täze döwür başlanýar. Žezuş topary çempion edip gitdi, indi bolsa Er-Riýad toparynyň ýolbaşçylary täze baş tälimçini gözlemäge girişdiler. Kriştianu Ronaldunyň geljekki möwsümdäki täsiri hem täze tälimçiniň saýlanmagynda möhüm rol oýnar diýlip garaşylýar.