La Liga. "Real" Mourinýony yzyna getirýär
Madridiň «Real» toparynda täze döwür başlanmaga taýýar görünýär. 2025/26 möwsümindäki şowsuz çykyşdan soň klubyň ýolbaşçylary täze baş tälimçi gözlegini işjeň alyp bardylar we ähli maglumatlara görä, olaryň saýlan adamy belli boldy. Abraýly žurnalist Dawid Ornşteýniň habar bermegine görä, portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo eýýäm «Real» bilen üç ýyllyk şertnama baglaşdy.

Habarda bellenilişine görä, şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Şeýle-de bolsa, Mourinýonyň bellenilendigi baradaky resmi habar häzirlikçe yglan edilmez. Sebäbi «Realda» 7-nji iýunda prezident saýlawlary geçiriler we klubyň ýolbaşçylary bu prosesiň tamamlanmagyna garaşýarlar.
Soňky möwsüm Madridiň topary üçin örän kyn geçdi. «Real» ilki möwsümi Habi Alonso bilen başlady, emma ispaniýaly hünärmen ýanwar aýynyň ortalarynda wezipesinden gitdi. Ondan soň toparyň başyna Alwaro Arbeloa geçdi. Şeýle-de bolsa, madridliler möwsümi hiç hili kuboksyz tamamladylar.
Şeýle ýagdaýdan soň klubda uly üýtgeşmeleriň boljakdygy öňden bäri aýdylýardy. Netijede, Florentino Peres topary täzeden güýçlendirmek üçin köne tanyş Žoze Mourinýony yzyna getirmegi karar etdi.
Soňky maglumatlara görä, Mourinýonyň dolanyp gelmegi üçin esasy itergi hut Florentino Peresiň özi bolupdyr. Klubyň prezidenti saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýar we hut şondan soň portugaliýaly tälimçiniň bellenilmegi resmi taýdan yglan ediler.
Peresiň saýlawdaky esasy garşydaşy Enrike Rikelme bolsa Mourinýonyň bellenilmeginiň tarapdary däl diýlip habar berilýär. Şonuň üçin häzirki ýolbaşçylar ähli işleri saýlawdan soň resmi taýdan tamamlajak bolýarlar.
Žoze Mourinýo öň hem «Realyň» baş tälimçisi bolup işläpdi. Ol madridlilere 2010-njy ýylda gelip, topary 2013-nji ýyla çenli türgenleşdiripdi. Portugaliýaly hünärmen şol döwürde topar bilen Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny hem-de Superkubogyny gazandy.
Mourinýonyň ilkinji döwründe «Real» aýratyn-da güýçli häsiýeti we agressiw futboly bilen tapawutlanypdy. Onuň ýolbaşçylygynda madridliler Pep Guardiolanyň «Barselonasyna» garşy esasy garşydaşlaryň biri bolupdy.
Soňky ýyllarda Mourinýo «Roma», «Fenerbahçe», «Tottenhem» we «Mançester Ýunaýted» ýaly toparlarda işledi. Indi bolsa ol ýene-de dünýäniň iň uly toparlarynyň biriniň başyna dolanýar.
Habarlara görä, portugaliýaly hünärmeniň bellenilmegine garaşylýan wagtyň özünde hem tomus transfer penjiresi boýunça işler alnyp barylýar. Klubyň täze düzüm gurluşygy üçin eýýäm birnäçe planlaryň taýýarlanýandygy aýdylýar. Emma häzirki wagta çenli transferler boýunça anyk maglumat ýok.
Şol bir wagtyň özünde «Real» ykdysady taýdan dünýäniň iň güýçli toparlarynyň biri bolmagynda galýar. "Forbes" žurnalynyň soňky sanawynda madridliler dünýäniň iň gymmat futbol topary diýlip yglan edildi. Neşiriň maglumatyna görä, «Realyň» umumy bahasy 9,5 milliard dollara ýetýär.
Sanawda ikinji ýerde «Barselona», üçünji ýerde bolsa «Mançester Ýunaýted» ýerleşdi. Şeýlelikde, kuboksyz möwsüme garamazdan, «Real» ykdysady taýdan futbol dünýäniň iň güýçli markasy hökmünde öňdeligini dowam etdirýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


