APL. "Liwerpul" ýene bir ýyldyzy bilen hoşlaşýar
Angliýanyň «Liwerpul» toparynda uly üýtgeşmeleriň döwri dowam edýär. Müsürli ýyldyz Mohammed Salahyň tomusda topardan gitjekdigi baradaky habar heniz sowamanka, mersisaýdlylaryň ýene bir esasy futbolçysynyň topar bilen hoşlaşjakdygy mälim boldy. Fransuz goragçysy Ibraima Konate täze şertnama boýunça ylalaşyga gelmänsoň, «Liwerpuly» erkin agent hökmünde terk etmäge taýýarlandy.

Bu barada birnäçe abraýly çeşmeler, şol sanda žurnalist Fabrizio Romano habar berdi. Maglumatlara görä, «Liwerpul» bilen Konateniň arasynda täze şertnama boýunça gepleşikler eýýäm 2025-nji ýyldan bäri dowam edip gelýärdi. Şeýle-de bolsa, taraplar şertnamanyň şertleri boýunça umumy ylalaşyga gelip bilmedi.
Soňky hepdelerde klubyň ýolbaşçylary fransuz futbolçysyna täze şertnama teklip etdi. Emma 27 ýaşly goragçy topardan gitmek kararyna berk durandygyny görkezdi we täze şertnamany kabul etmedi. Şeýlelikde, gepleşikleriň dowam etdirilmejekdigi bellenilýär.
Netijede, Ibraima Konate 1-nji iýuldan başlap erkin agent bolar. Häzirlikçe onuň täze toparynyň haýsy boljakdygy resmi taýdan belli däl. Şeýle-de bolsa, soňky aýlarda goragçy esasan Madridiň «Realy» bilen baglanyşdyrylýardy. Mundan başga-da, Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň hem futbolçy bilen gyzyklanýandygy barada habarlar çykdy.
"Daily Mail" neşiriniň maglumatlaryna görä, parižliler tomus transfer döwründe merkezi goragy güýçlendirmek isleýärler we Konateni esasy dalaşgärleriň biri hökmünde görýärler. Futbolçynyň häzirki bazar bahasy "Transfermarkt" tarapyndan 50 million ýewro diýlip görkezilýär.
Ibraima Konate «Liwerpula» 2021-nji ýylyň tomsunda Germaniýanyň «Leýpsig» toparyndan transfer bolupdy. Şondan bäri ol toparyň esasy goragçylarynyň birine öwrüldi. Fransuz futbolçysy bäş möwsümiň dowamynda mersisaýdlylaryň düzüminde 183 duşuşyk geçirdi. Bu oýunlarda ol 7 gol geçirip, 4 asist berdi.
Soňky möwsüm hem Konate üçin işjeň geçdi. Ol ähli ýaryşlary goşanda 51 duşuşykda meýdança çykdy. Premýer-ligada bolsa 36 oýunda çykyş edip, bir gezek tapawutlandy we ýedi sany sary duýduryş aldy.
Gyzykly tarapy, aprel aýynda Konateniň özi ýakyn wagtda täze şertnama baglaşyljakdygyna yşarat edipdi. Emma soňlugy bilen taraplaryň şertnama boýunça umumy pikire gelip bilmändigi belli boldy.
«Liwerpul» üçin bu tomus aýratyn agyr geçýär. Sebäbi topar diňe bir Mohammed Salah bilen däl, eýsem goragyň esasy sütünlerinden bolan Konate bilen Robertson hem hoşlaşýar. Bu ýagdaý täze baş tälimçi Arne Slot üçin uly synag bolup biler. Sebäbi topar täze möwsümde düzümi täzeden gurmaly bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


