APL. "Arsenalyň" taryhy möwsümi: rekordlar, ygtybarly gorag we çempionlyk

Londonyň «Arsenal» topary 2025/26 möwsüminde diňe bir Angliýanyň çempiony bolmak bilen çäklenmän, eýsem birnäçe täsin rekordlary hem öz adyna ýazdyrdy. Mikel Artetanyň ýolbaşçylygyndaky topar soňky 22 ýylda ilkinji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň altyn medallaryny gazandy we möwsümiň dowamynda Ýewropanyň iň güýçli toparlarynyň biri hökmünde tanaldy.

«Arsenal» möwsümiň dowamynda Premýer-liganyň liderlik ornunda 238 gün boldy. Bu görkeziji beýleki esasy garşydaşlaryndan ep-esli ýokary boldy. Mysal üçin, «Mançester Siti» diňe 9 gün, «Liwerpul» bolsa 34 gün birinji ýerde boldy. Bu ýagdaý londonly toparyň möwsüm boýunça näderejede durnukly çykyş edendigini görkezdi.

Toparyň iň güýçli taraplarynyň biri standart ýagdaýlar boldy. «Arsenal» bir möwsümde burç urgularyndan geçirilen pökgüler boýunça Premýer-liganyň täze rekordyny goýdy. Artetanyň şägirtleri möwsümiň dowamynda burç urgularyndan 19 gezek tapawutlandy. Gyzykly tarapy, taryhda ikinji iň gowy görkeziji hem şu möwsüm hasaba alyndy – «Tottenhem» 18 gol geçirdi.

Mikel Artetanyň topary diňe hüjümde däl, eýsem goragda-da örän ygtybarly çykyş etdi. «Arsenal» Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň arasynda iň az gol geçirden topar boldy. Londonlylar çempionatda bary-ýogy 27 gol goýberdi. Şeýle hem topar Çempionlar ligasynda diňe 6 gol geçirtdi we bu ýaryşda-da iň gowy gorag görkezijisini görkezdi.

Möwsümde «Arsenal» ähli ýaryşlarda 44 ýeňiş gazandy. Bu klubyň taryhyndaky täze rekord boldy. Mundan öňki rekord 55 ýylyň dowamynda saklanypdy — onda topar bir möwsümde 41 ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de gyzykly ýagdaýlaryň biri hökmünde «Arsenalyň» şu möwsümde gazanan ýeňişleriniň sany «Mançester Ýunaýtediň» ähli duşuşyklarynyň sanyndan hem köp boldy. «Ýunaýted» möwsümde 40 duşuşyk geçirdi.

Toparyň täze transferlerinden biri bolan Martin Subimendi hem aýratyn ünsi çekdi. Ispan ýarymgoragçysy ähli ýaryşlarda 56 duşuşyk geçirdi we «Arsenalyň» taryhynda ilkinji möwsüminde iň köp oýun geçiren futbolçy boldy.

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýokereş hem toparyň üstünliklerinde uly rol oýnady. Ol möwsümde geçiren gollary bilen Premýer-liganyň iň gowy transferleriniň biri hökmünde görkezildi. Angliýanyň meşhur futbolçysy Ueýn Runi hut Dýokereşi ýylyň iň gowy transferi diýip atlandyrdy. Şwesiýaly futbolçy çempionatda 14 gol geçirip, iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýeledi.

Mikel Arteta bolsa öz tälimçilik karýerasynda ýene bir taryhy üstünlik gazandy. Ispan hünärmeni futbol taryhynda iki gezek Pep Guardioladan ýokary ýerde möwsümi tamamlan ilkinji tälimçi boldy. Bu ýagdaý 2024/25 we 2025/26 möwsümlerinde gaýtalandy.

Toparyň liderlerinden Deklan Raýs möwsümiň iň kyn pursadynyň fewral aýynda «Wulwerhempton» bilen geçirilen 2:2 hasaply deňme-deňlik bolandygyny aýtdy. Şol duşuşykdan soň futbolçylar Artetasyz ýygnanyp, biri-birleri bilen örän duýguly söhbetdeşlik geçiripdirler. Hut şol ýygnakdan soň topar özleriniň çempion bolup biljekdigine doly ynanyp başlapdyr.

Hüjümde Leandro Trossar, Wiktor Dýokereş we Bukaýo Saka üçlügi aýratyn netijeli çykyş etdi. Bu üç futbolçy bilelikde meýdança çykan duşuşyklarda «Arsenalyň» ýeňiş göterimi 92 göterime ýetdi.

Braziliýaly hüjümçi Gabriel Martinelli hem Çempionlar ligasynda täsirli çykyş etdi. Ol ýaryşda 6 gol geçirip, klubyň taryhyndaky iň gowy netijeleriň birini görkezdi. «Arsenalyň» taryhynda diňe Týerri Anri bir möwsümde ondan köp – 7 gol geçirip bilipdi.

Şeýlelikde, 2025/26 möwsümi «Arsenal» üçin diňe çempionlyk ýyly bolman, eýsem rekordlara baý taryhy möwsüm hökmünde hem ýatda galdy. Mikel Artetanyň topary Angliýanyň futbolyndaky öňdebaryjy ornuny täzeden dikeldip, Ýewropanyň iň güýçli toparlarynyň biri hökmünde özüni görkezmegi başardy.