Serie A. Konte "Napolini" terk etdi, Allegri bolsa täze baş tälimçi boldy
Italiýanyň «Napoli» toparynda uly üýtgeşiklik boldy. Toparyň ýolbaşçylary Antonio Konteniň wezipesinden gidendigini resmi taýdan yglan etdi we onuň ornuna tejribeli italiýaly hünärmen Massimiliano Allegriniň bellenjekdigini tassyklady. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.

Romano öz sahypasynda: "Allegri – «Napoliniň» täze baş tälimçisi! Ol toparyň ähli şertlerini kabul etdi we ýakyn wagtda şertnama gol çeker. Geleşik doly tamamlandy" – diýip ýazdy.
Şeýlelikde, geçen möwsümde «Milan» bilen şowsuz çykyş eden Allegri täze möwsüme neapolly topar bilen başlar. 58 ýaşly hünärmeniň öňki möwsümi onuň üçin örän kyn geçdi. «Milan» A seriýada ilkinji dörtligiň daşynda galdy we Çempionlar ligasyna çykyp bilmedi. Möwsümiň soňunda "rossoneriler" ýolbaşçylary Allegrini wezipesinden boşatdy.
Şeýle-de bolsa, Allegri italýan futbolynda uly tejribä eýe tälimçi hökmünde tanalýar. Ol ozal «Ýuwentus» bilen köp gezek Italiýanyň çempiony boldy, birnäçe gezek ýurduň Kubogyny utdy we topary Çempionlar ligasynyň finalyna çenli çykardy. Şeýle hem Allegri 2010 – 2014-nji ýyllarda «Milany» türgenleşdirip, topary çempionlyga ýetiripdi.
Gyzykly tarapy, Allegri birnäçe ýyllap «Napoliniň» esasy garşydaşlarynyň biri bolan «Ýuwentusy» türgenleşdiripdi. Şonuň üçin onuň neapolly toparyň başyna geçmegi italýan futbolynda uly seslenme döretdi.
Şol bir wagtda Antonio Konteniň «Napoli» bilen hoşlaşygy hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Topar öz resmi sahypasynda Konteniň suraty bilen "Sag boluň, mister" diýen ýazgyny paýlaşdy. Ozal klubyň prezidenti Aurelio De Laurentis bilen geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Konteniň topardan gitjekdigi mälim edilipdi.

Konte bu kararyň hut özüniň tarapyndan kabul edilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, toparyň içinde doly agzybirlik döretmek başartmandyr we toparyň töweregindäki dartgynly ýagdaý ony ýadadypdyr.
Şeýle-de bolsa, Konte «Napoli» bilen üstünlikli netijeleri gazandy. Geçen möwsüm topary Italiýanyň çempiony eden hünärmen bu gezek topary A seriýanyň kümüş medallaryna çykardy. «Napoli» möwsümi 76 utuk bilen ikinji ýerde tamamlady we indiki möwsüm üçin Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Soňky günlerde «Napoliniň» täze baş tälimçisi hökmünde Winçenso Italiano we Andoni Iraola ýaly hünärmenleriň atlary hem agzalýardy. Emma toparyň ýolbaşçylary soňky saýlawy Massimiliano Allegri bilen etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


