Neýmaryň şikesi Braziliýanyň ýygyndysynda alada döretdi
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Neýmar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýene bir gezek şikes sebäpli kyn ýagdaýa düşdi. Onuň milli toparyň düşelgesine täsirli görnüşde gelendigine garamazdan, häzirki fiziki ýagdaýy "sellesao-nyň" düşelgesinde uly alada döredýär.

Braziliýanyň "Globo" neşiriniň habar bermegine görä, tejribeli futbolçy injik myşsasynyň şikesi sebäpli çarşenbe güni geçirilen ilkinji türgenleşigi goýbermeli boldy. Neýmar gijäniň bir wagtyna çenli lukmançylyk barlaglaryndan geçirildi.
Hatda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň lukmançylyk topary futbolçyny doly we rahat barlamak üçin ýerli klinikany agşam sagat bäşden soň dolulygyna ýapmak barada görkezme beripdir.
Soňky maglumatlara görä, 34 ýaşly hüjümçi Panama we Müsür ýygyndylaryna garşy geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklarynda Braziliýa kömek edip bilmez. Panama bilen oýun 1-nji iýunda, Müsür bilen duşuşyk bolsa 6-njy iýunda geçiriler.
Şeýle-de lukmanlaryň ilkinji netijelerine görä, Neýmar iki-üç hepde meýdançalardan daşda galyp biler. Bu bolsa onuň dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygyna hem gatnaşyp bilmezligi mümkin diýen howatyrlary artdyrdy.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýunda başlanýar. Braziliýanyň milli ýygyndysy toparçada Marokko, Gaiti we Şotlandiýa bilen duşuşar. Şeýlelikde, Neýmaryň toparçadaky ilkinji oýna gatnaşyp-bilmejekdigi häzirlikçe belli däl.
Şeýle-de bolsa, futbolçy doly ýagdaýda türgenleşikden daşda galanok. Habarlarda onuň toparyň umumy türgenleşiginden öň fitnes zalynda aýratyn maşk edendigi aýdylýar. Bu bolsa futbolçynyň dünýä çempionatyna çenli dikelmek üçin iş alyp barýandygyny görkezýär.

Neýmar milli ýygyndynyň düşelgesine şahsy dikuçarynda geldi. Ol gelen badyna toparyň ähli agzalary bilen mähirli salamlaşdy we täze baş tälimçi Karlo Ançelotti bilen hem gujaklaşdy. Braziliýaly janköýerler onuň tejribesine we liderlik ukybyna uly ynam baglaýar.

Emma futbolçynyň häzirki ýagdaýy sebäpli Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüm saýlawy hem tankyt edilýär. Käbir janköýerler we bilermenler ýokary derejede möwsüm geçiren Žoao Pedronyň dünýä çempionatynyň düzümine düşmändigine geň galýarlar.
Žoao Pedro geçen möwsüm ähli ýaryşlarda 50 töweregi duşuşyk geçirip, 25 golly hereket etdi. Muňa garamazdan, şikesli ýagdaýyndaky Neýmaryň düzümde ýer almagy köp jedelleri döretdi.
Milli ýygyndynyň lukmany bolsa Neýmaryň şikesiniň hakykatdanam çynlakaýdygyny resmi taýdan tassyklady. Şol sebäpli onuň iň ýakyn duşuşyklary goýberjekdigi hem anyk boldy.
Braziliýanyň ýygyndysy dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda iň uly ýyldyzynyň ýagdaýynyň tiz wagtda gowulanmagyna umyt baglaýar. Sebäbi Neýmar diňe bir toparyň lideri däl, eýsem Braziliýanyň hüjüm oýnunyň esasy bölekleriniň biri hasaplanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


