Transfer. "Tottenhem" Endrýu Robertson bilen ylalaşyga geldi
Londonyň «Tottenhem» topary tomusky transfer penjiresindäki iň tejribeli geçişleriň birini amala aşyrmaga örän golaý geldi. Meşhur žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Endrýu Robertson "şporlara" geçmäge razy boldy.

32 ýaşly futbolçy «Liwerpulda» dokuz ýyl çykyş etdi we toparyň soňky döwründäki iň möhüm oýunçylarynyň birine öwrüldi. Indi bolsa ol karýerasyny Angliýanyň başga bir toparynda dowam etdirer.
Habarlara görä, «Tottenhem» Premýer-ligada galmagy üpjün edensoň, Robertson Londona göçmek kararyna gelipdir. "Şporlar" geçen möwsümiň ikinji ýarymynda aşaky orunlar üçin göreş alyp bardy we uzak wagtlap çempionaty terk etmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emma topar ahyrsoňy 17-nji orny eýeläp, Premýer-ligadaky ýerini saklap galdy. «Tottenhem» bu göreşde «West Hemi» yzda galdyrmagy başardy.
Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Endrýu Robertson «Tottenhem» bilen öňünden ylalaşyk gazandy we soňky pursatda gelen beýleki teklipleri yzyna gaýtardy. Hususan-da Italiýanyň «Ýuwentus» topary tejribeli goragçyny transfer etmäge synanyşdy. Emma şotland futbolçysy eýýäm «Tottenheme» söz berendigi sebäpli bu teklibi kabul etmändir.
Robertson 2016-njy ýylda «Hall Sitiden» – «Liwerpula» geçipdi. Şondan bäri ol toparyň esasy goragçylarynyň biri boldy. Ol "gyzyllaryň" düzüminde ähli ýaryşlarda 378 duşuşyk geçirip, topar bilen iki gezek Angliýanyň çempiony boldy. Şeýle-de ol UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.
Şotlandiýaly futbolçy öz döwründe Ýurgen Kloppyň ulgamynda örän möhüm rol oýnady. Onuň çep ganatdan edýän yzygiderli hüjüm goşantlary, tizligi we asistleri «Liwerpulyň» hüjüm futbolynyň esasy bölekleriniň biri boldy.
Robertson 2014-nji ýyldan bäri Şotlandiýanyň milli ýygyndysyna hem yzygiderli çagyrylýar. Ol häzirki wagtda milli toparyň iň tejribeli futbolçylarynyň biri hasaplanýar.
Soňky möwsümde «Liwerpul» bilen hoşlaşan ýyldyzlaryň sany köpelýär. Ozal toparyň hüjümçisi Mohammed Salahyň hem möwsümden soň topary terk etjekdigi habar berlipdi. Indi bolsa Endrýu Robertsonyň hem täze topara geçmegi «Liwerpul» üçin uly üýtgeşmeleriň dowam edýändigini görkezýär.
«Tottenhem» bolsa täze möwsümde tejribeli futbolçylar arkaly topary güýçlendirmegi maksat edinýär. Klubyň ýolbaşçylary geçen möwsümdäki kynçylyklardan soň has durnukly topar döretmek isleýär.
Eger transfer resmi taýdan tassyklansa, Endrýu Robertson täze möwsümde «Tottenhemiň» gorag çyzygynyň esasy liderleriniň birine öwrüler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


