La Liga. "Barselona" Entoni Gordon üçin 80 million ýewro tölemäge taýýar

Kataloniýanyň «Barselona» topary Angliýanyň «Nýukasl» toparynyň gapdal hüjümçisi Entoni Gordonuň transferi üçin uly möçberde çykdajy etmäge taýýarlanýar. Habarlara görä, katalon topary iňlis futbolçysy üçin bonuslary hem goşmak bilen takmynan 80 million ýewro tölär.

Bu transfer amala aşsa, Entoni Gordon «Barselonanyň» taryhyndaky iň gymmat transferleriň biri bolar. Katalon topary soňky gezek 2019-njy ýylyň tomsunda şeýle uly möçberde pul çykarypdy. Şonda topar fransuz hüjümçisi Antuan Grizmanny 120 million ýewro transfer edipdi. Şeýlelikde, Gordon «Barselonanyň» taryhyndaky iň gymmat altynjy täze futbolçy bolar.

Katalon toparynyň bu transferi näme üçin şeýle möhüm hasaplaýandygy hem belli bolup başlady. Entoni Gordon Hans-Diter Fligiň oýun ulgamyna örän laýyk gelýän futbolçy hökmünde görülýär. Iňlis hüjümçisi diňe bir hüjümde däl, eýsem pressinge we gorag işlerine hem uly goşant goşýar.

Statistikalara görä, Gordon iň güýçli bäş Ýewropa ligalaryndaky gapdal hüjümçileriň arasynda bir oýunda ortaça 28,2 pressing hereketi bilen iň gowy 3 göterim futbolçynyň hataryna girýär. Şeýle-de gorag hereketleri boýunça hem iň gowy 5 göterim gapdal hüjümçileriň arasynda ýerleşýär.

Bu bolsa Fligiň ýokary depginli we agressiw futbol stiline doly laýyk gelýär. Entoni Gordon diňe çep ganatda däl, eýsem merkezi hüjümçi hökmünde hem üstünlikli çykyş edip bilýär. Şonuň üçin «Barselona» täze möwsümde sap merkezi hüjümçisiz ulgamdan peýdalanmagy hem meýilleşdirip biler.

Käbir hünärmenleriň pikirine görä, katalon topary bu babatda Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň futbol stiline meňzeş oýun gurluşyna geçip biler.

Şeýle-de «Barselonanyň» ýolbaşçylary Entoni Gordony Markus Reşforddan has peýdaly wariant hasaplady. Ozal katalon toparynyň «Mançester Ýunaýtediň» futbolçysy Markus Reşford bilen gyzyklanýandygy aýdylýardy.

Emma ykdysady taýdan seredilende Gordonuň transferi has amatly hasaplandy. Sebäbi Reşfordyň ýyllyk zähmet haky 15,6 million ýewro töweregi. Gordon bolsa ýylda takmynan 7,8 million ýewro gazanar.

Hasaplamalara görä, bäş ýylyň dowamynda transfer we aýlyk çykdajylaryny goşanda Gordon üçin çykjak umumy çykdajy Reşford bilen deňeşdireniňde has amatly bolýar. Mundan başga-da, Entoni Gordon Markus Reşforddan üç ýaş kiçi. Bu bolsa geljekde futbolçyny gymmat bahadan satmak mümkinçiligini hem döredýär.

25 ýaşly hüjümçi geçen möwsümde «Nýukaslyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 46 duşuşyk geçirip, 17 gol geçirdi we bäş asist etdi. Ol häzirki wagtda Angliýanyň iň täsirli hüjümçileriň biri hasaplanýar.

Habarlara görä, «Barselona» Entoni Gordon bilen şahsy şertlerde eýýäm doly ylalaşyga gelipdir. Häzirlikçe esasy mesele «Nýukasl» bilen soňky resminamalary tamamlamak bolup durýar.

Transfer amala aşsa, Entoni Gordon täze möwsümde Lamin Ýamal, Pedri we beýleki ýyldyzlar bilen bilelikde «Barselonanyň» hüjüm güýjüni has-da artdyrar.Kataloniýanyň «Barselona» topary Angliýanyň «Nýukasl» toparynyň gapdal hüjümçisi Entoni Gordonuň transferi üçin uly möçberde çykdajy etmäge taýýarlanýar. Habarlara görä, katalon topary iňlis futbolçysy üçin bonuslary hem goşmak bilen takmynan 80 million ýewro tölär.

 

Bu transfer amala aşsa, Entoni Gordon «Barselonanyň» taryhyndaky iň gymmat transferleriň biri bolar. Katalon topary soňky gezek 2019-njy ýylyň tomsunda şeýle uly möçberde pul çykarypdy. Şonda topar fransuz hüjümçisi Antuan Grizmanny 120 million ýewro transfer edipdi. Şeýlelikde, Gordon «Barselonanyň» taryhyndaky iň gymmat altynjy täze futbolçy bolar.

 

Katalon toparynyň bu transferi näme üçin şeýle möhüm hasaplaýandygy hem belli bolup başlady. Entoni Gordon Hans-Diter Fligiň oýun ulgamyna örän laýyk gelýän futbolçy hökmünde görülýär. Iňlis hüjümçisi diňe bir hüjümde däl, eýsem pressinge we gorag işlerine hem uly goşant goşýar.

 

Statistikalara görä, Gordon iň güýçli bäş Ýewropa ligalaryndaky gapdal hüjümçileriň arasynda bir oýunda ortaça 28,2 pressing hereketi bilen iň gowy 3 göterim futbolçynyň hataryna girýär. Şeýle-de gorag hereketleri boýunça hem iň gowy 5 göterim gapdal hüjümçileriň arasynda ýerleşýär.

 

Bu bolsa Fligiň ýokary depginli we agressiw futbol stiline doly laýyk gelýär. Entoni Gordon diňe çep ganatda däl, eýsem merkezi hüjümçi hökmünde hem üstünlikli çykyş edip bilýär. Şonuň üçin «Barselona» täze möwsümde sap merkezi hüjümçisiz ulgamdan peýdalanmagy hem meýilleşdirip biler.

 

Käbir hünärmenleriň pikirine görä, katalon topary bu babatda Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň futbol stiline meňzeş oýun gurluşyna geçip biler.

 

Şeýle-de «Barselonanyň» ýolbaşçylary Entoni Gordony Markus Reşforddan has peýdaly wariant hasaplady. Ozal katalon toparynyň «Mançester Ýunaýtediň» futbolçysy Markus Reşford bilen gyzyklanýandygy aýdylýardy.

 

Emma ykdysady taýdan seredilende Gordonuň transferi has amatly hasaplandy. Sebäbi Reşfordyň ýyllyk zähmet haky 15,6 million ýewro töweregi. Gordon bolsa ýylda takmynan 7,8 million ýewro gazanar.

 

Hasaplamalara görä, bäş ýylyň dowamynda transfer we aýlyk çykdajylaryny goşanda Gordon üçin çykjak umumy çykdajy Reşford bilen deňeşdireniňde has amatly bolýar. Mundan başga-da, Entoni Gordon Markus Reşforddan üç ýaş kiçi. Bu bolsa geljekde futbolçyny gymmat bahadan satmak mümkinçiligini hem döredýär.

 

25 ýaşly hüjümçi geçen möwsümde «Nýukaslyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 46 duşuşyk geçirip, 17 gol geçirdi we bäş asist etdi. Ol häzirki wagtda Angliýanyň iň täsirli hüjümçileriň biri hasaplanýar.

 

Habarlara görä, «Barselona» Entoni Gordon bilen şahsy şertlerde eýýäm doly ylalaşyga gelipdir. Häzirlikçe esasy mesele «Nýukasl» bilen soňky resminamalary tamamlamak bolup durýar.

Transfer amala aşsa, Entoni Gordon täze möwsümde Lamin Ýamal, Pedri we beýleki ýyldyzlar bilen bilelikde «Barselonanyň» hüjüm güýjüni has-da artdyrar.