UECL. "Kristal Pelas" taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubogyny gazandy

UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň finalynda Angliýanyň «Kristal Pelas» topary bilen Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» topary duşuşdy. Germaniýanyň Leýpsig şäherindäki "Red Bull Arena" stadionynda geçirilen duşuşykda iňlis topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kubogyny eýeledi.

Duşuşygyň birinji ýarymy örän seresaply we ýiti pursatlardan garyp ýagdaýda geçdi. Iki topar hem esasan goragda ygtybarly oýnamaga synanyşdy. Şonuň üçin arakesmä çenli hasap açylmady.

Ikinji ýarym başlanandan soň «Kristal Pelas» meýdançada başlangyjy öz eline aldy. Oliwer Glasneriň şägirtleri garşydaşyň derwezesiniň öňünde yzygiderli howply pursatlary döretmäge başladylar. Şeýle basyş öz netijesini 51-nji minutda berdi. Toparyň hüjümçisi Žan-Filipp Mateta garşydaş derwezesine ýol tapyp, duşuşykdaky ýeke-täk goly geçirdi.

Goldan soň hem «Kristal Pelas» hüjümlerini dowam etdirdi. "Bürgütler" birnäçe gezek hasaby artdyrmaga örän golaý bardy, emma olaryň urgulary sütünlere degdi. Duşuşygyň galan böleginde «Raýo Walýekano» hem jogap goluny tapmaga çalyşdy, ýöne iňlis toparynyň goragy we derwezeçisi ynamly çykyş etdi.

Şeýlelikde, «Kristal Pelas» taryhyndaky ilkinji Ýewropa kubogyny gazandy. Bu ýeňiş topar üçin diňe bir halkara üstünlik bolman, eýsem geljek möwsümde UEFA-nyň Ýewropa ligasyna gönüden-göni gatnaşmaga hem mümkinçilik berdi. Gyzykly tarapy, topar Angliýanyň Premýer-ligasynda bary-ýogy 15-nji orny eýeläpdi we çempionat arkaly ýewrokuboklara çykyp bilmändi.

Soňky bir ýylyň dowamynda «Kristal Pelas» üçin taryhy döwür boldy. Topar mundan öň Angliýanyň Kubogyny hem-de Angliýanyň Superkubogyny hem gazanypdy. Şeýlelikde, klub bir ýylyň içinde üç uly kubogyň eýesi boldy. Toparyň 120 ýyldan gowrak taryhynda beýle üstünlik hiç wagt bolmandy.

Bu üstünlikleriň ählisi toparyň baş tälimçisi Oliwer Glasner bilen bagly boldy. Awstriýaly hünärmen möwsüm tamamlanandan soň topardan gitjekdigini öňünden yglan edipdi. Şeýlelikde, ol «Kristal Pelasdaky» soňky duşuşygynda hem kubok bilen hoşlaşdy.

Finaldan soň ýene bir gyzykly statistika ýüze çykdy. Toparyň hüjümçisi Ewann Gessan bir möwsümde iki dürli ýewrokubogy gazanan ilkinji futbolçy boldy. Ol möwsümiň birinji ýarymynda kärendesine gitmezden öň «Aston Willa» bilen Ýewropa ligasynda çykyş edipdi. Şol topar soňra Ýewropa ligasynyň finalynda «Fraýburgy» 3:0 hasabynda ýeňip, kubogy gazandy. Möwsümiň ikinji böleginde bolsa Gessan «Kristal Pelasyň» düzüminde Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy.

Şeýlelikde, Angliýanyň toparlary bu möwsüm eýýäm iki Ýewropa kubogyny gazandy. Ondan öň «Aston Willa» Ýewropa ligasynyň kubogyny eýeledi. Indi bolsa «Arsenal» Çempionlar ligasynyň finalynda Fransiýanyň «PSŽ» toparyna garşy çykyş edip, iňlis toparlarynyň üstünlikli möwsümini dowam etdirmäge synanyşar.