APL. "Mançester Ýunaýted" Edersony transfer etmäge golaýlaşdy
«Mançester Ýunaýted» tomusky transfer möwsümindäki esasy nyşanalarynyň biri bolan «Atalantanyň» braziliýaly ýarymgoragçysy Edersony düzümine goşmaga örän golaýlaşdy. "Sky Sports-yň" we žurnalist Fabrizio Romanonyň habar bermegine görä, iňlis topary bilen italýan toparynyň arasyndaky gepleşikler soňky tapgyra ýetdi.

Maglumatlara görä, transferiň umumy bahasy 38,7 million funt sterling töweregi bolar. «Mançester Ýunaýted» ilkinji tapgyrda 35 million funt tölemegi meýilleşdirýär. Şeýle-de şertnamada goşmaça 3 million funt bonus görnüşindäki tölegler hem göz öňünde tutulýar. Taraplaryň doly ylalaşyga şu hepdäniň dowamynda gelmegine garaşylýar.
Žurnalist Fabrizio Romano Edersonyň şahsy şertler boýunça hem «Mançester Ýunaýted» bilen doly ylalaşandygyny habar berdi. Braziliýaly futbolçy geçen hepdeden bäri beýleki toparlar bilen alyp barýan ähli gepleşiklerini wagtlaýyn togtadypdyr. Häzir transferiň doly amala aşmagy diňe «Mançester Ýunaýtediň» soňky kararyna bagly bolup durýar.
26 ýaşly ýarymgoragçy soňky möwsümde «Atalantanyň» esasy oýunçylarynyň biri boldy. Ol Italiýanyň A seriýasynda 30 duşuşyk geçirip, iki gol geçirdi we bir asisr berdi. Ederson diňe bir goragda däl, eýsem hüjüm guramakda hem toparyna uly peýda getirýän futbolçy hökmünde tanalýar.
Edersonyň «Atalanta» bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Şol sebäpli italýan topary futbolçyny arzan goýbermek islemän, transfer bahasy boýunça birnäçe hepde bäri berk gepleşik alyp bardy.
«Mançester Ýunaýted» täze möwsüme güýçli düzüm bilen girmek isleýär. Toparyň baş tälimçisi Maýkl Kerrik merkezi meýdançada fiziki taýdan güýçli, top bilen ynamly hereket edýän futbolçynyň zerurdygyny birnäçe gezek belläpdi. Edersonyň hut şeýle häsiýetleri sebäpli iňlis toparynyň esasy transfer nyşanasyna öwrülendigi aýdylýar.
Braziliýaly futbolçy soňky ýyllarda Ýewropada iň durnukly çykyş edýän ýarymgoragçylaryň biri hökmünde görkezilýär. Ol «Atalantanyň» düzüminde diňe içerki ýaryşlarda däl, Ýewropa kuboklarynda hem ýokary derejeli oýun görkezdi.
Häzirlikçe transfer resmi taýdan tassyklanmady. Emma ähli maglumatlar Edersonyň ýakyn günlerde «Mançester Ýunaýtediň» täze futbolçysy boljakdygyny görkezýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


