La Liga. "Realda" prezident saýlawy iki dalaşgäriň arasynda geçer

Madridiň «Real» toparynda prezident saýlawlarynyň senesi resmi ýagdaýda yglan edildi. Toparyň resmi beýanatyna görä, saýlawlar 7-nji iýunda geçiriler. Bu gezekki saýlawda häzirki prezident Florentino Peres bilen telekeçi Enrike Rikelme dalaşgär hökmünde gatnaşar.

«Realyň» ýolbaşçylary möwsümiň tamamlanmagyndan soň nobatdan daşary saýlaw geçirmek kararyna geldi. Muňa toparyň yzly-yzyna ikinji möwsümdir hiç hili kubok gazanyp bilmezligi sebäp boldy. Möwsümi kuboksyz tamamlan «Realda» indi uly üýtgeşmeleriň edilmegine garaşylýar.

Saýlaw toparynyň maglumatyna görä, dalaşgärleriň resminamalary barlanylyp, Florentino Peres bilen Enrike Rikelmäniň gatnaşmagyna resmi rugsat berildi. Ses berişlik ýerli wagt bilen irden sagat 09:00-dan agşam 20:00-a çenli arakesmesiz dowam eder. Saýlaw uçastoklary «Realyň» türgenleşik binasyndaky basketbol zalynda ýerleşdiriler.

79 ýaşly Florentino Peres dünýä futbolynyň iň täsirli ýolbaşçylarynyň biri hökmünde tanalýar. Ol ilkinji gezek 2000-nji ýylda «Realyň» prezidenti boldy we 2006-njy ýyla çenli bu wezipesini alyp bardy. 2009-njy ýylda bolsa ýene-de toparyň ýolbaşçylygyna dolanyp geldi. Şondan bäri geçirilen saýlawlaryň hemmesinde garşydaşsyz ýeňiş gazanypdy.

Peresiň ýolbaşçylygynda «Real» uly üstünlikleri gazandy. Topar bu döwürde ýedi gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Şeýle-de üç gezek Ispaniýanyň Kubogyny, ýedi gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Ýewropanyň Çempionlar ligasynda bolsa «Real» ýedi gezek ýeňiji boldy. Mundan başga-da topar alty gezek UEFA-nyň Superkubogyny, bäş gezek klublaryň dünýä çempionatyny hem-de iki gezek Kontinentara kubogy gazandy.

Soňky möwsüm bolsa madridliler üçin şowsuz tamamlandy. Topar ne içerki ýaryşlarda, ne-de Ýewropa arenasynda kubok gazanyp bildi. Şol sebäpli Florentino Peres metbugat ýygnagyny geçirip, nobatdan daşary saýlaw yglan etdi.

Soňky ýyllarda «Realyň» düzüminde birnäçe üýtgeşiklik boldy. Käbir tejribeli futbolçylar topar bilen hoşlaşdy, ýaş futbolçylaryň sany artdy. Şeýle ýagdaýda täze saýlawlaryň toparyň geljegi üçin aýratyn ähmiýetlidigi bellenilýär.

Florentino Peresiň esasy garşydaşy hökmünde çykyş edýän Enrike Rikelme telekeçilik pudagynda tanalýan şahsyýetleriň biri hasaplanýar. Ol soňky döwürde «Realyň» dolandyryş ulgamynda özgertmeleriň zerurdygyny birnäçe gezek belläp geçdi. Şeýlelikde, bu gezekki saýlaw öňki ýyllardan tapawutlylykda hakykatdan-da bäsdeşlikli ýagdaýda geçer.

7-nji iýunda geçiriljek saýlaw «Realyň» indiki ýyllardaky ösüş ugruny kesgitläp biler. Kuboksyz tamamlanan möwsümden soň madridli janköýerler toparyň täzeden öňki kuwwatyna dolanmagyna garaşýar.