Futbol sanlarda: "Arsenal" bilen Safonow möwsümiň iň täsin statistikalaryna eýe boldy
2025/26 möwsümi Ýewropa futbolynda diňe çempionlyklar we kuboklar bilen däl, eýsem gyzykly statistikalar bilen hem ýatda galdy. Angliýada, Ispaniýada, Italiýada, Germaniýada hem-de Fransiýada birnäçe täsin netijeler hasaba alyndy.
Angliýanyň Premýer-ligasynda çempion bolan «Arsenal» taryhy rekord goýdy. Mikel Artetanyň topary möwsümi bir penalti goluny hem goýbermän hem-de bir gyzyl duýduryş hem alman tamamlan ilkinji topar boldy. Şeýle netijä Angliýanyň ýokary ligasynyň taryhynda öň hiç bir topar ýetmändi.
Şeýle-de Angliýanyň çempionatynda ýene bir täsin ýagdaý ýüze çykdy. 1888-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hiç bir topar bir duşuşykda alty ýa-da ondan köp gol geçirip bilmedi. Bu bolsa Premýer-liganyň häzirki döwürde has deňeçer göreş bilen geçendigini görkezdi.
Ispaniýanyň La ligasynda bolsa «Barselonanyň» derwezeçisi Mark-Andre ter Ştegen özboluşly taryhy netijäni gazandy. Germaniýaly derwezeçi bir möwsümiň dowamynda hem çempion boldy, hem-de ligadan çykdy. Bu ýagdaý onuň möwsümiň dowamynda başga topar bilen baglanyşykly ýagdaýlary sebäpli La liganyň taryhynda ilkinji gezek ýüze çykdy.
Italiýanyň A seriýasynda «Milan» üçin möwsüm şowsuz tamamlandy. Milanlylar çempionatda bary-ýogy 53 gol geçirip, 2001/02 möwsüminden bäri iň pes netijesini görkezdi. Şeýlelikde topar soňky ýyllaryň iň gowşak hüjüm çykyşy bilen möwsümi tamamlady.
Şol bir wagtda Italiýada esasy sensasiýa «Komo» topary boldy. Sesk Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky topar taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasyna çykmagy başardy. Şeýle-de «Komo» ilkinji gezek Ýewropa kuboklarynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Germaniýada «Bawariýa» alty ýyldan soň ýene-de Germaniýanyň kubogyny gazandy. Bu bolsa toparyň XXI asyrdaky iň uzak kuboksyz döwrüniň tamamlanandygyny aňlatdy.
Mýunhen toparynyň hüjüm üçlügi hem ajaýyp statistika görkezdi. Garri Keýn, Luis Dias hem-de Maýkl Olise möwsümiň dowamynda umumylykda 109 gol geçirdiler. Bu görkeziji Ýewropanyň güýçli ligalarynda Lionel Messi, Luis Suares we Neýmaryň «Barselonadaky» meşhur üçlüginiň 111 golluk netijesinden bäri iň ýokary görkeziji boldy.
Garri Keýn aýratynlykda hem ajaýyp möwsüm geçirdi. Iňlis hüjümçisi ähli ýaryşlarda 61 gol geçirip, Ýewropanyň "Altyn köwşüni" gazandy hem-de soňky ýyllaryň iň netijeli futbolçylarynyň birine öwrüldi.
Fransiýada bolsa Russiýanyň derwezeçisi Matweý Safonow iň gowy statistikany görkezdi. Ol güýçli ligalaryň arasynda "golsuz" duşuşyklaryň göterimi boýunça birinji boldy. Safonow geçiren 15 duşuşygynyň sekizinde gol goýbermedi. Bu bolsa 53 göterimlik netije diýmekdir.
Fransiýanyň kubogynda hem täze taryh ýazyldy. «Lans» topary öz taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy we möwsümiň esasy sensasiýalarynyň birine öwrüldi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


