Serie A. "Milanda" uly özgerişlik: Allegri bilen birlikde ýolbaşçylar hem wezipesinden boşadyldy
Italiýanyň «Milan» topary 2025/26 möwsüminiň şowsuz tamamlanmagyndan soň uly üýtgeşmelere başlady. Milanlylar toparyň baş tälimçisi Massimiliano Allegriniň wezipesinden boşadylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Emma topar diňe tälimçi çalşygy bilen çäklenmän, futbol bölüminiň ýolbaşçy düzüminde hem düýpli özgertmeleri amala aşyrdy.

«Milan» bilen birlikde toparyň baş direktory Jorjio Furlani, sport direktory Igli Tare hem-de tehniki direktor Jeffri Monkada hem wezipesini terk etdi. Toparyň ýolbaşçylary möwsümiň soňundaky netijeleri doly şowsuzlyk hökmünde bahalandyrdylar we giň gerimli üýtgeşmeleriň zerurdygyny aýtdylar.
Möwsümiň uly böleginde «Milan» A seriýanyň ilkinji iki ornunda barýardy hem-de çempionlyk ugrunda esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy. "Rossoneriler" birnäçe tapgyr bäri Skudetto üçin göreşi dowam etdirip, janköýerlerde uly umyt döredipdi. Emma möwsümiň soňky tapgyrlarynda toparyň netijeleri birden pese gaçdy.
Soňky tapgyrda öz meýdanynda «Kalýariden» 1:2 hasabynda ýeňlen «Milan» çempionaty bäşinji ýerde tamamlady. Şeýlelikde topar Çempionlar ligasyna çykmak mümkinçiligini ýitirdi. Milanlylary ilkinji dörtlikden diňe bir utuk yzda galdy. Netijede topar indiki möwsümde diňe Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynda çykyş eder.
Toparyň resmi beýanatynda möwsümiň şowsuz tamamlanandygy açyk boýun alyndy. Beýanatda toparyň köp wagtlap A seriýanyň öňdebaryjylarynyň arasynda bolandygyna garamazdan, soňky duşuşyklardaky netijeleriň öňki oýun derejesine gabat gelmändigi bellenildi. Şeýle-de «Kalýari» bilen duşuşykdaky ýeňlişiň möwsümi doly şowsuzlyga öwürendigi nygtaldy.
Şeýlelikde, ýolbaşçylar futbol ugruny doly täzeden guramak kararyna geldiler. Toparyň täze tälimçisi hem-de beýleki ýolbaşçy wezipesine bellenjek adamlar barada soňrak maglumat beriljekdigi habar berildi.
Massimiliano Allegri üçin bu «Milandaky» ikinji döwrüň şowsuz tamamlanmagy boldy. Italiýaly hünärmen ozal hem 2010 — 2014-nji ýyllar aralygynda "rossonerilere" ýolbaşçylyk edipdi. Şol döwürde ol topary A seriýanyň çempiony edip, Italiýanyň Superkubogyny hem gazandyrmagy başarypdy.
Emma bu gezek Allegri öňki üstünliklerini gaýtalap bilmedi. Toparyň möwsümiň ahyryndaky şowsuz çykyşlary onuň wezipesinden boşadylmagyna getirdi. Habarlara görä, Allegriniň ady eýýäm «Napoli» bilen baglanyşdyrylýar. Antonio Konteniň topary terk etmegi mümkin bolan ýagdaýynda, tejribeli hünärmeniň neapollylaryň täze tälimçisi bolup biljekdigi aýdylýar.
Şeýle-de bu köpçülikleýin işden boşatmalar «Milana» gymmada düşer. Italiýanyň "La Gazzetta dello Sport" neşiriniň maglumatyna görä, topar ýolbaşçylary bilen şertnamalaryň ýatyrylmagy klub üçin takmynan 22 million ýewro çykdajy bolar. Şol pullaryň iň uly bölegi baş direktor Jorjio Furlani bilen Massimiliano Allegra degişli bolar.
Milanly janköýerler indi toparyň täze möwsümde nähili özgerjekdigine garaşýarlar. Klub bolsa täze gurluş bilen öňki şöhratyny dikeltmegi maksat edinýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


