"Bawariýanyň" Keýni taryhy netijäni gaýtalap, Ýewropanyň "Altyn köwşüni" gazandy

Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Garri Keýn 2025/26 möwsüminiň esasy şahsy baýraklarynyň biri bolan Ýewropanyň "Altyn köwşüni" gazandy. Iňlis ýyldyzy Bundesliganyň tamamlanan möwsüminde 36 gol geçirip, Ýewropanyň iň netijeli bombardiri boldy.

Ýewropanyň "Altyn köwşi" baýragynda ilkinji bäşlikdäki ligalarda geçirilen gollar iki esse hasaplanýar. Şol sebäpli Garri Keýn 72 utuk toplady. Ikinji ýerde «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand ýerleşdi. Ol Angliýanyň Premýer-ligasynda 27 gol geçirip, 54 utuk gazandy. Üçünji orny bolsa Madridiň «Realynyň» fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe eýeledi. Onuň hasabynda La ligada geçirilen 25 gol we 50 utuk bar.

Garri Keýn üçin bu baýrak karýerasyndaky ikinji "Altyn köwüş" boldy. Ol ilkinji gezek bu baýragy iki ýyl ozal hem Bundesligada 36 gol geçirenden soň gazanypdy. Şeýlelikde, Keýn Ýewropanyň "Altyn köwşüni" iki gezek gazanan taryhdaky onunjy futbolçy boldy. Mundan başga-da, ol bu baýragy iki gezek alan ilkinji iňlis futbolçysy hökmünde taryha girdi.

Bu baýragy iň köp gazanan futbolçylar bolsa Lionel Messi bilen Kriştianu Ronaldu bolup galýar. Argentinaly ýyldyz alty gezek, portugaliýaly hüjümçi bolsa dört gezek bu üstünligi gazanypdy.

32 ýaşly Garri Keýn möwsümi ajaýyp statistika bilen tamamlady. Ol ähli ýaryşlary goşanda «Bawariýanyň» düzüminde 51 duşuşykda 61 gol geçirdi. Bu bolsa onuň şahsy karýerasyndaky iň ýokary netije boldy.

Şeýlelikde, Keýn iňlis futbolynyň hem taryhyna girdi. Ol 1927/28 möwsüminden bäri ilkinji gezek bir möwsümde Ýewropanyň güýçli bäş ligasynyň toparynda 60-dan köp gol geçiren iňlis futbolçysy boldy. Mundan öň bu netijäni diňe Diksi Din gazanypdy.

Mundan başga-da, Garri Keýn 2014/15 möwsüminden bäri ähli ýaryşlarda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Şol möwsümde Kriştianu Ronaldu Madridiň «Realynda» 61 gol geçiripdi. Indi bolsa Keýn şol netijäni gaýtalady.

Iňlis hüjümçisi möwsümi diňe şahsy baýraklar bilen däl, eýsem topar üstünlikleri bilen hem tamamlady. Ol Germaniýanyň kubogynyň finalynda «Ştutgartyň» derwezesine het-trik geçirip, «Bawariýa» kuboky gazandyran esasy gahryman boldy. Şeýle-de Mýunhen topary Bundesliganyň çempiony boldy.

Häzirki wagtda Keýniň «Bawariýa» bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýär. Möwsümiň dowamynda görkezen ajaýyp oýny bolsa onuň diňe Germaniýada däl, eýsem tutuş Ýewropa futbolynda iň howply hüjümçileriň biri bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi.