APL. 2025/26 möwsüm tamamlandy
Angliýanyň Premýer-ligasynyň 2025/26 möwsümi tamamlandy. Möwsümiň esasy wakasy «Arsenalyň» 22 ýyldan soň ýene-de ýurduň çempiony bolmagy boldy. Mikel Artetanyň tälim berýän topary 85 utuk toplap, iň ýakyn garşydaşy «Mançester Sitiden» öňe saýlandy. Şeýlelikde, «Arsenal» 2003/04 möwsüminden bäri ilkinji gezek çempionlyk kubogyny gazandy.

Soňky gezek londonly topar Arsen Wengeriň döwründe ýeňiji bolupdy. Şol möwsümde «Arsenal» bir duşuşykda hem ýeňilmän taryha giripdi. Indi bolsa Artetanyň topary altyn medallary täzeden "Emireýts" stadionyna getirdi. Möwsüm tamamlanandan soň «Arsenalyň» futbolçylary we janköýerleri çempionlyk dabarasyny uly şatlyk bilen belläp geçdiler.
Möwsümi ikinji ýerde tamamlan «Mançester Siti» üçin bu ýyl özboluşly tamamlandy. Pep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky topar soňky ýyllardaky agalygyny dowam etdirip bilmedi. Şeýle-de bu möwsüm ispan hünärmeniniň topar bilen soňky ýyly boldy. Guardiola soňky duşuşygynda hem täze rekord goýdy. Ol «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi hökmünde ähli ýaryşlarda 593-nji duşuşygyny geçirip, Les Makdauelliň 592 oýunlyk rekordyny täzeledi. Şeýlelikde, ol toparyň taryhynda iň köp duşuşyk geçiren tälimçi boldy.

Soňky tapgyrda «Mançester Siti» – «Aston Willa» bilen duşuşyp, şol oýunda Pep Guardiola bilen birlikde Bernardu Silwa hem-de Jon Stounz bilen hoşlaşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Bernardu Silwa gözýaşlaryny saklap bilmedi.

Möwsümiň iň uly garaşylmadyk netijeleriniň biri «Mançester Ýunaýtediň» üçünji orny eýelemegi boldy. Maýkl Kerrigiň ýolbaşçylygyndaky topar soňky ýyllardaky iň gowy netijeleriniň birini görkezdi we Çempionlar ligasyna gaýdyp geldi. Möwsüm tamamlanmanka topar bürünç medallary üpjün etdi.
«Mançester Ýunaýtediň» kapitany Brunu Fernandeş möwsümiň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Portugaliýaly ýarymgoragçy 34 duşuşykda 8 gol geçirip, 21 asist berdi. Şeýlelikde, ol Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda bir möwsümde iň köp asist eden futbolçy boldy. Öňki rekord 20 asist bilen Týerri Anri hem-de Kewin de Bruýnä degişlidi.

Möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçysy bolsa «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand boldy. Norwegiýaly futbolçy 35 duşuşykda 27 gol geçirip, bombardirlik sanawynda birinji orny eýeledi. Ikinji ýerde «Brentfordyň» braziliýaly futbolçysy Igor Tiago 22 gol bilen ýerleşdi. Üçünji orny bolsa 17 gol bilen «Mançester Sitiniň» futbolçysy Antuan Semenýo eýeledi.

Ýewrokuboklara gatnaşjak toparlar hem belli boldy. Çempionlar ligasyna «Arsenal», «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted», «Aston Willa» hem-de «Liwerpul» gatnaşar. Ýewropa ligasynda «Bornmut» bilen «Sanderlend» çykyş eder. Konferensiýa ligasyna bolsa «Braýton» gatnaşmaga hukuk gazandy.
Möwsümiň iň dramatik ýagdaýlarynyň biri «Tottenhemiň» ýagdaýy boldy. Londonly topar soňky tapgyra çenli aşaky orunlardan gutulmak üçin göreşdi. Emma soňky duşuşykda «Ewertony» ýeňip, Premýer-ligadaky ornuny saklap galdy. «Tottenhem» möwsümi 41 utuk bilen 17-nji ýerde tamamlady.

Premýer-ligadan «West Hem», «Börnli» hem-de «Wulwerhempton» aşaky liga düşdi. Olaryň ýerine indiki möwsümde «Kowentri Siti», «Hall Siti» hem-de «Ipswiç Taun» ýokary liga çykar.

Möwsümiň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri hem «Liwerpulyň» futbolçylary bilen hoşlaşmagy boldy. Mohammed Salah bilen Endrýu Robertson soňky gezek toparyň düzüminde meýdança çykdylar. «Brentford» bilen geçirilen duşuşykda olar çalşylanda janköýerler tarapyndan uly el çarpyşmalar bilen ugradyldy.

Mohammed Salah şol duşuşykda ýene bir taryhy rekord goýdy. Ol Kurtis Jonsa asist edip, Premýer-ligada «Liwerpulyň» taryhynda iň köp asist eden futbolçy boldy. Müsürli futbolçy 93 asist bilen Stiwen Jerrardyň rekordyndan öňe geçdi. Şeýle-de Salah Premýer-ligadaky esasy düzümde 300-nji duşuşygyny geçirdi. Afrikaly futbolçylaryň arasynda öň beýle görkezijä diňe Kolo Ture ýetip bilipdi.
Şeýlelikde, Angliýanyň Premýer-ligasynyň 2025/26 möwsümi köp sanly taryhy wakalar, rekordlar, hoşlaşyklar hem-de garaşylmadyk netijeler bilen tamamlandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


