La Liga. 2025/26 möwsüm tamamlandy

Ispaniýanyň futbol boýunça La Liga çempionatynyň 2025/26 möwsümi resmi taýdan tamamlandy. Möwsüm janköýerlere çempionlyk göreşini, ýiti bäsdeşligi we aşaky basgançakdaky dramatik wakalary sowgat etdi. Möwsümiň esasy ýeňijisi Hans-Diter Fligiň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» boldy. Kataloniýalylar 38 tapgyrda 94 utuk toplap, möhletinden öň çempionlygyny üpjün etdi.

Madridiň «Realy» möwsümi 86 utuk bilen ikinji ýerde tamamlady. Üçünji orny bolsa «Wilýarreal» eýeledi. Şeýlelikde, täze möwsümde Çempionlar ligasyna gönüden-göni «Barselona», «Real Madrid», «Atletiko», «Wilýarreal» we «Betis» gatnaşar.

Ýewropa ligasyna «Selta» bilen «Real Sosýedad» ýollanma aldy. Häzirlikçe Konferensiýa ligasyna gatnaşjak topar «Hetafe» bolup durýar. Şeýle-de «Raýo Walýekano» Konferensiýa ligasynyň finalynda ýeňiş gazansa, Ýewropa ligasyna çykmaga mümkinçilik alar.

Möwsümiň esasy garaşylmadyk netijeleriniň biri «Žironanyň» ýokary ligadan düşmegi boldy. Mundan başga-da «Malýorka» bilen «Real Owýedo» hem La Ligany terk etdi. Munuň tersine, «Rasing» 14 ýyldan soňra ýene-de Ispaniýanyň ýokary ligasyna dolandy. Ýene iki ýollanmanyň eýeleri soň belli bolar.

Iň köp gol geçirenleriň ýaryşynda Madridiň «Realynyň» fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňdeligi eýeledi. Ol möwsümi 25 gol bilen tamamlady. Möwsümiň iň gowy derwezeçisi diýlip ispaniýaly derwezeçi Žoan Garsiýa saýlandy. Ol 30 duşuşykda bary-ýogy 21 gol geçirip, 15 oýunda derwezesini "golsuz" saklamagy başardy.

Soňky tapgyrda çempion «Barselona» garaşylmadyk ýagdaýda «Walensiýadan» 1:3 hasabynda ýeňildi. Duşuşykda ilkinji goly Robert Lewandowski geçirdi. Bu gol polşaly hüjümçiniň «Barselonanyň» düzümindäki soňky goly boldy. Tejribeli futbolçy möwsümden soň topar bilen hoşlaşjakdygyny öňünden mälim edipdi.

Lewandowskiniň golundan soň kataloniýalylar bir wagt öňde barýan hem bolsa, soňra «Walensiýa» oýnuň ugruny doly üýtgetdi. Ikinji ýarymda Guerra, Rioha we Rodriges tapawutlanyp, meýdan eýelerine ýeňiş getirdi.

Madridiň «Realy» bolsa möwsümi ýeňiş bilen jemledi. "Santýago Bernabeuda" geçirilen duşuşykda «Atletik» 4:2 hasabynda ýeňildi. Bu oýun toparyň rowaýata öwrülen goragçysy Dani Karwahal üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ol esasy düzümde 13 ýyl çykyş edeninden soň «Real» bilen hoşlaşdy.

Karwahal duşuşykdaky ilkinji goluň pasyny berdi. Akademiýanyň ýetişdiren oýunçysy Gonsalo Garsiýa 11-nji minutda hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda Jud Bellingem tapawutlandy. Ikinji ýarymda Kilian Mbappe bilen Braim Dias hem gollaryny geçirdi. «Atletigiň» düzüminde Guruseta bilen Iseta tapawutlandy.

Duşuşykdan soň Dani Karwahal janköýerler bilen hoşlaşdy. 24 ýyl «Realyň» düzüminde bolan tejribeli goragçy topar bilen 27 kubok gazandy. Şolaryň arasynda alty gezek Çempionlar ligasynyň kubogy hem bar. Karwahal «Realyň» esasy düzüminde 450 duşuşyk geçirip, 14 gol geçirdi.

Şeýle hem awstriýaly goragçy Dawid Alaba hem Madridiň toparyndaky soňky duşuşygyny geçirdi. 33 ýaşly futbolçy «Atletige» garşy oýunda esasy düzümde meýdança çykdy we 70-nji minutda çalşyryldy. Alaba meýdançadan çykanda "Santýago Bernabeunyň" janköýerleri ony uly el çarpyşmalar bilen ugratdylar. Tejribeli futbolçy bäş möwsümiň dowamynda «Realyň» düzüminde 132 duşuşyk geçirdi.

Şeýlelikde, «Real» möwsümi 86 utuk bilen ikinji orunda tamamlasa, «Barselona» 94 utuk bilen Ispaniýanyň çempiony boldy.