DFB-Pokal. "Bawariýa" kubogy gazandy, Keýn taryhy netijä ýetdi
«Bawariýa» Germaniýanyň kubogynyň finalynda «Ştutgarty» uly hasap bilen ýeňip, möwsümi ýene bir baýrak bilen tamamlady. Wensan Kompaniniň şägirtleri final duşuşygynda garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşygyň birinji ýarymynda toparlar gol geçirip bilmedi. «Ştutgart» goragda tertipli oýnasa, mýunhenliler hem wakalary howlukdyrmady. Ýöne arakesmeden soň oýnuň keşbi düýbünden üýtgedi.
55-nji minutda iňlis hüjümçisi Garri Keýn hasaby açdy. Ol jerime meýdançasynyň içinde ýokary galyp, kellesi bilen dürs urgy geçirdi. 80-nji minutda Keýn özüniň ikinji goluny geçirdi. Hüjümçi garşydaş derwezesine golaý aralykdan takyk urgy bilen tapawutlandy.
Duşuşygyň goşmaça minutlarynda «Bawariýa» 11 metrlik jerime urgusyna eýe boldy. Topuň başyna ýene Garri Keýn geçdi we ol mümkinçiligi dürs peýdalanyp, het-trigini resmi taýdan tamamlady. Şeýlelikde, final duşuşygy 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňiş bilen tamamlandy.
Garri Keýn bu möwsüm klub derejesinde ähli ýaryşlary goşanda 51 duşuşykda 61 gol geçirmegi başardy. Şeýlelikde, ol Kriştianu Ronaldunyň 2014/15 möwsümindäki şahsy rekordyny gaýtalady. Portugaliýaly ýyldyz şol möwsümde «Realyň» düzüminde 61 gol geçiripdi, ýöne ol muny Keýnden üç duşuşyk köp oýnap ýerine ýetiripdi.
Şeýlelikde, XXI asyrda Ýewropanyň esasy bäş çempionatynda bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Keýn bilen Ronaldu ikinji orny paýlaşýar. Bu ugurda rekord henizem Lionel Messä degişli bolup galýar. Argentinaly ýyldyz 2011/12 möwsüminde «Barselonanyň» düzüminde 73 gol geçiripdi.
«Bawariýa» şu möwsümde diňe kubok bilen çäklenmedi. Mýunhen topary öň hem Bundesliganyň çempiony bolmagy başarypdy. Wensan Kompaniniň şägirtleri çempionaty 89 utuk bilen tamamlap, ikinji orundaky «Borussiýadan» 16 utuk öňde bardy.
Kubokdaky ýeňişden soň Germaniýanyň Superkubogynda hem haýsy toparlaryň duşuşjakdygy belli boldy. Çempionatyň hem-de kubogyň ýeňijisi bolan «Bawariýa» täze möwsümiň öňüsyrasynda Dortmundyň «Borussiýasy» bilen duşuşar. Superkubok duşuşygynyň Dortmund şäherinde geçirilmegine garaşylýar.
Final duşuşygy Manuel Noýer üçin hem aýratyn boldy. Tejribeli derwezeçi Germaniýanyň kubogyny ýedinji gezek gazandy. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça toparyň öňki ýyldyzy Bastian Şwaýnştaýgeriň rekordyny gaýtalady.
2011-nji ýyldan bäri «Bawariýanyň» düzüminde çykyş edip gelýän Noýer toparyň esasy nyşanlarynyň biri bolmagynda galýar. Tejribeli derwezeçiniň häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


