La Liga. "Realyň" dartgynly möwsüminden 10 gyzykly maglumat
2025/26 möwsümi «Real» üçin diňe bir netijeler bilen däl, eýsem şikesler, dawa-jenjeller, tälimçi çalşyklary we garaşylmadyk wakalar bilen hem ýatda galdy. Madrid topary möwsümi kuboksyz tamamlasa-da, toparyň içinde we daşynda köp gyzykly ýagdaýlar bolup geçdi.

Möwsümiň dowamynda «Realyň» baş tälimçi wezipesinde iki hünärmen işledi. Möwsümiň ilkinji bölüminde topara Habi Alonso ýolbaşçylyk etdi we onuň döwründe madridlileriň ýeňiş göterimi 75 göterime ýetdi. Soňra toparyň başyna Alwaro Arbeloa geçdi. Ýöne onuň döwründe netijeler peselip, ýeňiş göterimi 60 göterimden biraz ýokary boldy. Şeýlelikde, Florentino Peres tarapyndan ikinji gezek «Realyň» başyna getirilen tälimçileriň arasynda Arbeloa wezipesinden boşadylan 11-nji hünärmen boldy.
Möwsümiň iň uly ýyldyzlarynyň biri Kilian Mbappe boldy. Fransuz hüjümçi iki aýa golaý wagt şikes sebäpli oýunlardan daşda galandygyna garamazdan, hem Çempionlar ligasynyň, hem-de La Liganyň iň netijeli futbolçysy bolmagy başardy. Mbappe möwsümiň dowamynda toparyň esasy gol güýji boldy.
Toparyň derwezeçisi Tibo Kurtua hem garaşylmadyk statistika bilen tapawutlandy. Belgiýaly derwezeçi Çempionlar ligasynda 2 asist edip, «Realyň» 26 futbolçysyndan has köp gol asist berdi. Ondan diňe üç futbolçy has köp asist etdi.
Möwsümiň dowamynda iň köp kynçylyk çeken futbolçylaryň biri Ferlan Mendi boldy. Fransuz goragçy möwsümiň dowamynda bäş gezek şikes aldy. Bu görkeziji onuň La Ligada esasy düzümde başlan oýunlarynyň sanyndan hem köp boldy. Mendi çempionatda diňe üç gezek başlangyç düzümde meýdança çykdy.
Federiko Walwerde bilen Orelýen Çuameni hem möwsümde üns merkezinde boldy. Walwerde La Ligada 50 gezek derwezä urgy geçirip, bu ugurda Çuameniden öňe geçdi. Ýöne geň tarapy, geýinilýän otagda ters ýagdaý bolup geçdi. Habarlara görä, iki futbolçynyň arasynda dawa ýüze çykypdyr we Çuameni has agressiw hereket edipdir.
Ýaş futbolçy Endrik bolsa «Liondaky» kärendesinde güýçli çykyş etdi. Braziliýaly hüjümçi dört aýyň dowamynda diňe çempionatda 12 golly herekete gatnaşdy. Şeýle netijä «Realyň» esasy düzümindäki futbolçylardan diňe dört oýunçy tutuş La Liganyň möwsüminde ýetip bildi.
Alwaro Karreras üçin hem möwsüm ýeňil geçmedi. Ol möwsümiň dowamynda 10 sany sary duýduryş aldy. Mundan başga-da, Antonio Rüdiger tarapyndan birnäçe gezek ýüzüne şarpyk hem iýdi. Şeýle-de tälimçi Arbeloa tarapyndan oýun wagtynyň azlygyna nägilelik bildirendigi sebäpli "tälimçilik ygtyýarnamasyny al" diýen maslahat eşitdi.
Jud Bellingem hem birnäçe gezek kyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Iňlis ýarymgoragçynyň ýüzüne möwsümde iki gezek güýçli urgy degdi we onuň ýüzi ganady. Emma eminler bu ýagdaýlarda garşydaş futbolçylaryň düzgün bozandygyny hasaplamady. Munuň tersine, iki ýagdaýda hem sary duýduryşy Bellingemiň özi aldy.
Winisius Junior bolsa netijelilik taýdan üstünlikli möwsüm geçirdi. Braziliýaly hüjümçi La Ligada 16 gol we 5 asist edip, özüniň ikinji iň gowy möwsümini görkezdi. Ol mundan öň diňe 2021/22 möwsüminde has ýokary netije gazanypdy.
Şeýlelikde, «Real» üçin 2025/26 möwsümi diňe futbol taýdan däl, eýsem dartgynly wakalar, şikesler we toparyň içindäki gyzykly ýagdaýlar bilen hem ýatda galar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


