APL. Kerrik "Mançester Ýunaýtedde" galdy, Brunu möwsümiň iň gowusy boldy

«Mançester Ýunaýted» topary 2026/27 möwsüminde hem Maýkl Kerrigiň baş tälimçi bolup galjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Ozalky futbolçy bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen täze şertnama baglaşyldy. Şeýle hem şertnamada ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi ýerleşdirildi.

44 ýaşly Kerrik toparyň başyna 2026-njy ýylyň ýanwarynda geçipdi. Ol wezipesinde portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi çalşyrdy. Möwsümiň dowamynda "gyzyl şeýtanlaryň" ýagdaýyny düzetmegi başaran Kerrik topar bilen gysga wagtyň içinde üstünlikli netijeleri gazandy.

Iňlis hünärmeniň ýolbaşçylygynda «Mançester Ýunaýted» 16 duşuşygyň 11-sinde ýeňiş gazanyp, Premýer-liganyň ýaryş tertibinde üçünji orny möhletinden öň üpjün etdi. Şeýlelikde, topar indiki möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Bu netije «Mançester Ýunaýted» üçin soňky ýyllardaky iň gowy möwsümleriň biri boldy. "Mankunianlar" soňky gezek 2021-nji ýylda ilkinji üçlüge girmegi başarypdy. Topar iň soňky gezek 2013-nji ýylda Angliýanyň çempiony bolupdy.

Maýkl Kerrik täze şertnama baglaşandan soň çykyş edip, toparyň ýene-de uly kuboklar üçin göreşmelidigini aýtdy.

– Şeýle aýratyn futbol toparyna ýolbaşçylyk etmek meniň üçin uly hormat. Soňky bäş aýyň dowamynda futbolçylarymyz göreşijilik, agzybirlik we tutanýerlilik häsiýetlerini görkezmegi başardylar. Indi bolsa öňe tarap täze ädim ätmegiň wagty geldi. «Mançester Ýunaýted» hem-de janköýerlerimiz iň uly kuboklar üçin göreşmäge mynasyp – diýip, Kerrik aýtdy.

Möwsümdäki üstünliklerde toparyň kapitany Brunu Fernandeşiň paýy örän uly boldy. Portugaliýaly ýarymgoragçy Angliýanyň Premýer-ligasynyň resmi görnüşde möwsümiň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy.

Brunu şu möwsümde Premýer-ligada 34 duşuşyk geçirip, 8 goluň we 20 asistiň awtory boldy. Şeýlelikde, ol bir möwsümde iň köp asist eden futbolçylar boýunça çempionatyň taryhy rekordyny gaýtalady. Mundan öň bu netijä diňe Tierri Anri bilen Kewin De Bruýne ýetip bilipdi.

Fernandeş 2020-nji ýyldan bäri «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde çykyş edip gelýär. Häzire çenli ol toparyň düzüminde 326 duşuşyk geçirip, 106 gol we 108 asist etdi. Portugaliýaly futbolçynyň klub bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

«Mançester Ýunaýted» Premýer-liganyň soňky tapgyrynda myhmançylykda «Braýton» bilen duşuşar. Oýun 24-nji maýda Asgabat wagty bilen 20:00-da geçiriler.