APL. "Mançester Siti" Guardiola bilen hoşlaşýar

Ispaniýaly tälimçi Hosep Guardiola 2025/26 möwsümi tamamlanandan soň «Mançester Siti» toparyndan aýrylar. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi. Maglumata görä, tejribeli hünärmen eýýäm toparyň ýolbaşçylaryna öz kararyny ýetiripdir we ýakyn wagtda resmi beýannamanyň çap edilmegine garaşylýar.

Hosep Guardiola «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi wezipesine 2016-njy ýylyň tomsunda gelipdi. Şondan bäri ol topar bilen Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty çempionlygyny gazandy. Şeýle-de "şäherliler" onuň ýolbaşçylygynda birnäçe içerki we halkara baýraklaryny gazanyp, toparyň taryhyndaky iň üstünlikli döwürleriň birini başdan geçirdi.

Guardiolanyň häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Emma soňky aýlarda onuň topardan gitmegi barada gürrüňler ýygy-ýygydan peýda bolupdy. Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Guardiolanyň töweregindäki adamlar bu ýagdaýy eýýäm uzak wagtdan bäri "hemmeleriň bilýän syry" hökmünde häsiýetlendirýärler.

Soňky tapgyrda «Mançester Siti» – «Aston Willa» bilen duşuşar we bu oýun Guardiola üçin toparyň başynda soňky duşuşyk bolup biler. Şeýle-de habar berlişine görä, ýekşenbe güni topar onuň geljegi barada resmi beýannama berip biler.

«Mançester Sitidäki» täze döwür hem eýýäm golaýlaşýar. Žurnalist Dewid Ornşteýniň maglumatyna görä, toparyň täze baş tälimçisi hökmünde Enso Mareska saýlanyp alyndy. Italýan hünärmen bilen üç ýyllyk şertnama baglaşylar.

Enso Mareska öň hem «Mançester Sitiniň» ulgamynda işläpdi. Ol Hosep Guardiolanyň kömekçisi bolup zähmet çekipdi we toparyň içki gurluşyny gowy tanaýar. Soňky döwürde bolsa ol Londonyň «Çelsi» toparyna ýolbaşçylyk etdi.

«Mançester Sitiniň» ýolbaşçylary täze möwsümde topary Mareskanyň baştutanlygynda täzeden gurmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Angliýa futbolynda uly üstünliklere baý bolan Hosep Guardiolanyň döwrüniň tamamlanmagyna garaşylýar.