APL. "Mançester Ýunaýted" üçünji orny kepillendirdi, Brunu rekordy gaýtalady, Kazemiro hoşlaşdy
Angliýanyň Premýer-ligasynyň 37-nji tapgyrynda «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda «Nottingem Forest» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. "Old Trafford" stadionynda geçirilen duşuşykda meýdan eýeleri möhüm ýeňiş gazanyp, möwsümi üçünji orunda tamamlamagy möhletinden öň üpjün etdi.
Duşuşyk "gyzyl şeýtanlaryň" işjeň hüjümleri bilen başlandy. Eýýäm 5-nji minutda Lýuk Şou tapawutlanyp, «Mançester Ýunaýtedi» öňe çykardy. Birinji ýarym şu hasap bilen tamamlandy.
Ikinji ýarymda toparlar özara açyk futbol görkezdi. 53-nji minutda Morato hasaby deňledi. Emma «Mançester Ýunaýted» tiz wagtda jogap berdi. 55-nji minutda Mateus Kunýa toparyny ýene öňe çykardy. Ondan soň Braýan Mbeumo üçünji goly geçirip, meýdan eýeleriniň artykmaçlygyny güýçlendirdi. Myhman toparyň düzüminde Morgan Gibbs-Waýt 78-nji minutda tapawutlansa-da, «Nottingem Forest» duşuşykdan utuk alyp bilmedi.
Duşuşygyň esasy gahrymanlarynyň biri Brunu Fernandeş boldy. Portugaliýaly ýarymgoragçy bu gezek hem asist bilen tapawutlandy. Şeýlelikde, onuň şu möwsümdäki asistleriniň sany 20-ä ýetdi. Brunu Fernandeş Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda bir möwsümde iň köp asist eden futbolçylaryň rekordyny gaýtalady. Mundan öň şeýle netijä diňe Tierri Anri bilen Kewin De Bruýne ýetip bilipdi.

Bu ýeňişden soň «Mançester Ýunaýted» 68 utuk toplap, ýaryş tertibiniň üçünji ornuny möhletinden öň kepillendirdi. Bu toparyň 2023-nji ýyldan bäri Premýer-ligadaky iň gowy netijesi boldy. "Gyzyl şeýtanlar" soňky gezek 2021-nji ýylda ilkinji üçlüge girmegi başarypdy.
Duşuşyk Kazemiro üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Braziliýaly ýarymgoragçy möwsüm tamamlanandan soň topar bilen hoşlaşýar. "Old Trafforddaky" soňky duşuşygynda janköýerler ony uly el çarpyşmalar bilen ugratdy. Kazemiro dört möwsümiň dowamynda «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde 160 duşuşyk geçirip, 26 gol hem-de 14 asist etdi.

Mundan başga-da «Mançester Ýunaýted» toparyndan gollandiýaly goragçy Taýrell Malasiýa hem möwsümiň ahyrynda gider. Futbolçynyň şertnamasy tomusda tamamlanýar we topar bilen uzaldylmaz. Malasiýa 2022-nji ýylyň tomsunda «Feýenoorddan» – «Mançester Ýunaýtede» goşulypdy. Şondan bäri ol toparyň düzüminde 49 duşuşyk geçirdi. Ol geçen möwsümiň bir bölegini kärendesine «PSW» toparynda geçirdi. Häzirki möwsümde bolsa bary-ýogy iki duşuşykda meýdana çykdy. Malasiýa 2023-nji ýylda «Mançester Ýunaýted» bilen Liganyň kubogyny gazanan toparyň düzüminde hem bolupdy.

Şeýle-de «Mançester Ýunaýted» ýene bir täsin görkezijä ýetdi. Topar birinji ýarymy ýeňiş bilen tamamlan öý duşuşyklarynda indi 400 oýundan bäri ýeňilmeýär. Bu tapgyr 1984-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Şol 400 duşuşygyň 365-si ýeňiş, 35-si bolsa deňlik bilen tamamlanypdyr.
«Mançester Ýunaýted» möwsümdäki soňky duşuşygyny myhmançylykda «Braýton» toparyna garşy geçirer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


