APL. "Çelsi" Habi Alonso bilen ylalaşyga geldi
Londonyň «Çelsi» topary täze baş tälimçisini bellemäge örän golaýlaşdy. Soňky maglumatlara görä, topar ispan hünärmeni Habi Alonso bilen esasy şertlerde ylalaşyga geldi.

Žurnalistler Fabrizio Romano bilen Dewid Ornşteýniň maglumatlaryna görä, Alonso london topary bilen dört ýyllyk şertnama baglaşar. Geleşigiň galan jikme-jiklikleriniň ýakyn wagtda doly çözülmegine garaşylýar. Maglumatlara görä, Habi Alonso toparyň transfer syýasatynda hem uly täsire eýe bolar. Ol eýýäm tomusky transfer döwründe düzüm emele getiriş işlerine işjeň gatnaşar.
«Çelsiniň» ýolbaşçylary şu möwsümdäki durnuksyz netijelerden soň täzeden uly üýtgeşmelere gitmek kararyna geldi. Möwsümiň dowamynda topar iki tälimçisini – Entso Mareska bilen Liam Rozenýory wezipesinden boşatdy. Häzirki wagtda topara wagtlaýynça Kalum Makfarleýn ýolbaşçylyk edýär.
London topary Angliýanyň Premýer-ligasynda 36 tapgyrdan soň bary-ýogy 49 utuk toplap, ýaryş tertibiniň dokuzynjy ornunda ýerleşýär. Şeýle-de «Çelsi» ýakynda Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Sitiden» 0:1 hasabynda ýeňildi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


