"Mançester Siti" Angliýanyň Kubogyny gazandy
«Mançester Siti» topary 2025/26 möwsüminiň Angliýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri final duşuşygynda «Çelsini» 1:0 hasabynda ýeňip, taryhyndaky 8-nji kubogyny gazandy.
Final duşuşygynda ýeke-täk goly Antuan Semenýo geçirdi. Şeýlelikde, "şäherliler" soňky iki finaldaky ýeňlişlerinden soň kubogy täzeden gazanmagy başardy.
Bu baýrak Hosep Guardiola üçin «Mançester Sitidäki» 20-nji kubok boldy. Ispan hünärmeni topar bilen alty gezek Angliýanyň Premýer-ligasyny, üç gezek Angliýanyň Kubogyny, bäş gezek Liganyň kubogyny, üç gezek Angliýanyň Superkubogyny, bir gezek Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny hem-de Klublaryň dünýä çempionatyny gazandy.
Şeýle-de bu ýeňişden soň indiki möwsümiň başynda geçiriljek Angliýanyň Superkubogynyň gatnaşyjylary hem belli boldy. Bu duşuşykda «Mançester Siti» bilen «Arsenal» güýç synanyşar. Çünki çempionat bilen kubogy şol bir topar gazanan ýagdaýynda Superkubokda wise-çempion çykyş edýär.
Angliýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk 16-njy awgustda Kardiff şäherinde geçiriler. Ozal oýnuň "Uembli" stadionynda geçirilmejekdigi habar berlipdi.
Häzirki wagtda «Mançester Siti» Premýer-ligada hem çempionlyk ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Guardiolanyň topary möwsümiň soňuna çenli «Bornmut» we «Aston Willa» bilen duşuşar. Şeýle-de bolsa, çempionlyk üçin diňe öz ýeňişleri däl, «Arsenalyň» utuk ýitirmegi hem zerur bolup durýar.
Soňky maglumatlara görä, «Çelsi» toparynda hem uly üýtgeşmeler bolup biler. Žurnalist Fabris Houkinsiň maglumatyna görä, ispan hünärmeni Habi Alonso london toparynyň baş tälimçisi bolmaga örän golaýlaşdy. Taraplaryň esasy şertlerde ylalaşyga gelendigi habar berilýär.
«Çelsi» bolsa Angliýanyň Kubogynyň finalyndaky ýeňlişden soň indiki möwsümde Ýewrokuboklardan daşda galmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


